Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

AGAÇLARYŇ TÄSINLIKLERI

Braziliýada süýt agajy bar. Şol agaja tyg degirseň, ondan süýt syzylyp başlaýar. Ondan her gezekde 4 litre çenli süýt alyp bolýar. Oňa suw garyp, gaýnadyp içýärler. Polineziýada ysmanak agajy ösýär. Onuň ýapraklary iýmit üçin ulanylýar. Dünýädäki iň ýogyn agajyň diametri 8 metre barabar. Kaliforniýada ösýän şol agaç dünýädäki iň beýik daragt hökmünde hem bellidir. Dub, sosna, arça agaçlaryny köplenç ýyldyrym urýar. Derek agajyny bolsa hiç wagt ýyldyrym urmaýar. Ýer ýüzünde ösümlikleriň 375 müň görnüşi bar. Olaryň 250 müňüsi gülli ösümliklerdir. Günorta Afrikada ösýän käbir ýabany injirleriň köki 120 metre çenli çuňluga uzalyp gidýär. Munuň özi 30 gatly bina barabardyr. Bir daragt ýylyň dowamynda 120 kilogram kislorod öndürýär. Ol bir ýylyň dowamynda 3 adama ýeterlik bolýar. «Geratonia» ady bilen belli bolan ösümligiň hemme tohumlarynyň agramy bir meňzeşdir (0,2 gram). Şonuň üçin gadymy döwürlerde zergärler ony çeküw daşy hökmünde ulanypdyrlar. Şol ölçeg birligi karat diýlip atlandyrylýar. Dünýäde kömelegiň 2 million töweregi görnüşiniň bardygy hasaba alnypdyr. Kömelegiň düzüminiň 90 göterimi suwdur. Dünýädäki iň gadymy ösümlik deňiz suwotularydyr. Arabidopsis kosmos giňişliginde güllän ilkinji ösümlikdir. Ol Russiýa Federasiýasynyň «Salýut 7» kosmiki bekedinde idedilip, şol ýerde hem gülläpdir. Adam ömrüniň dowamynda 1500 görnüşli medeni ösümlikleri ulanýar. Amazonkada duş gelýän suw liliýalary ýapraklarynyň ululygy bilen tapawutlanýarlar. Ýapraklarynyň her biriniň ölçegi 2 metre ýetip, olar hatda çagajygy götermäge hem ukyplydyr. Hytaýyň günortasynda duşýan bambuk agajynyň bir görnüşi çalt ösýänligi bilen tapawutlanýar. Bir aýyň dowamynda onuň beýikligi 30 metre barabar bolýar. Internet maglumatlary esasynda taýýarlan

 

Amanmyrat ÝAMADOW. Wekilbazar etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň geografiýa mugallymy, KA-nyň işjeň agzasy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.