Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ «GARAŞSYZLYK - BAGTYMYZ» ATLY KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamaklarynda Mähriban Arkadagymyzyň pähim paýhasyndan joşup çykan “Garaşsyzlyk-bagtymyz” atly täze eseriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

surat

Tanyşdyrylyş dabarasyny Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Altyn asyr: Türkmenistan” teleradioýaýlymynyň “Bagtyýarlyk ýoly” bölüminiň bölüm müdiri Annaýewa Aýjemal alyp baryp, onda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy Durdyýewa Akjemal, Bereketli toprak” gazetiniň jogapkär işgäri, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy Ataýewa Aýnabat, Milli bilim institutynyň bölüm müdiri, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy Melýäýewa Ogulbaýram, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynyň Kitap hazynahana bölüminiň müdiri, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy Saparbaýewa Doýduk, Aşgabat şäheriniň 18-nji orta mekdebiniň müdiri, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy Öräýewa Gunça, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy Kiçigulyýewa Şemşat çykyş etdiler.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.