Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÝAKYMLY TÄSIRLERE BESLENDI

Ak bugdaý etrabynda hormatly Prezidentimiziň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary uly ruhubelentlikde geçirilýär. Etrabyň Gämi oba Medeniýet öýünde etrap derejesinde geçirilen dabara has-da täsirli boldy. Dabarany etrap häkimligi, etrabyň jemgyýetçilik guramalary hem-de medeniýet bölümi bilelikde gurady.

Dabara toý ruhuna eýe boldy. Onda çykyş edenler döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň naýbaşy toýy mynasybetli halkymyza sowgat eden täze kitabynyň ähmiýeti barada uly buýsanç bilen söhbet açdylar. Çykyşlarda ýurdumyzyň geçen gysga taryhy döwrüň dowamyndaky ýeten belent derejesiniň, içeri we daşary syýasatyndaky üstünlikleriniň, durmuşyň ähli ugurlaryny gurşap alan ösüş-özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly täze kitabynda anyk beýanyny tapýandygy dogrusynda aýratyn durlup geçildi.

Edara-kärhanalaryň işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň we ýaşuly nesliň wekilleriniň gatnaşmagynda bolan dabarada nygtalyşy ýaly, milli Liderimiz halkyň abadançylygyny, durmuş derejesini we hilini ýokarlandyrmaga aýratyn üns gönükdirýär. Şoňa görä-de, täze kitabyň okyjylary bu ugurda edilýän tagallalar bilen birlikde, öňde duran maksatlar bilen hem anyk tanşyp bilýärler.

Dabara gatnaşyjylar «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly ajaýyp kitaby sowgat eden hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözlerini beýan etdiler. Ajaýyp waka bagyşlanan dabaranyň dowamy etrabyň medeniýet bölüminiň Medeniýet merkeziniň aýdym-saz we tans toparlarynyň şirin owazly, belent mukamly çykyşlaryna ulaşdy.

 

Maýsa ABDULLAÝEWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ak bugdaý etrap birleşmesiniň işgäri.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.