Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ SAGLYK SYÝASATY DABARALANÝAR” ATLY MASLAHATY GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli “Hormatly Prezidentimiziň saglyk syýasaty dabaralanýar” atly maslahaty geçirildi.                               

Maslahaty Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň maslahatçysy Bezirgen Ataýew alyp baryp, onda Aşgabat şäheriniň 13-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany Maýa Öküzowa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň bölüm müdiriniň orunbasary Didar Hydyrow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy Parahat Kakajaýew, Öý hojalykçy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy Orazjemal Geldiýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň guramaçylyk bölüminiň müdiri Umida Kakaýewa çykyş etdiler.

Maslahatda çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän parasatly döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler, gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde gyzgyn goldawa eýe bolýar hem-de «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň we beýleki giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman täze lukmançylyk edaralary, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar gurlup, saglygy goraýşyň milli nusgasy döredildi diýlip uly buýsanç bilen belläp geçdiler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sagdyn durmuş ýörelgelerini hemra edinmäge ähli şertlerdir mümkinçilikleri döredýän, halkymyzy halallyga, adyllylyga beýik maksatly işlere, eşretli günlere ynamly öňe alyp barýan hem-de saglygy goraýyş ulgamda ýetilýän sepgidiň dünýä derejesinde ýaýbaňlandyrmagy ugrunda beýik tutumly işleri durmuşa ornaşdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

Ýörite habarçymyz.

 

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.