Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

PAGTAÇYLARYŇ ARMASY ÝETIRILÝÄR

Ak bug­daý et­ra­by­nyň eke­ran­çylyk meý­dan­la­ryn­da ýe­tiş­di­ri­len gowa­ça ha­sy­ly­ny ýit­gi­siz ýyg­na­mak, bök­denç­siz har­ma­na da­şa­mak we ýy­gy­myň dep­gi­ni­ni ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len pag­ta­çy­la­ryň ara­synda bir­nä­çe hö­wes­len­di­riş çä­re­le­ri ge­çi­ril­ýär. On­gün­lük zäh­met bäs­leşi­gi­niň çä­gin­de möw­sü­me gat­na­şy­jy ýy­gym­çy­lar, kom­baýn­la­ryň me­ha­niza­tor­la­ry we ha­sy­ly ka­bul ediş nokat­la­ry­na da­şa­ma­ga gat­naş­ýan sürü­ji­ler hö­wes­len­di­ri­lip du­rul­ýar.

Ýa­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Kärdeş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň et­rap bir­leş­me­si­niň we­kil­le­ri et­ra­byň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky daý­han birle­şi­gi­niň «ak al­tyn­ly» atyz­la­ryn­da bo­lup, pag­ta­çy­lar bi­len iş üs­tün­de du­şu­şyp, ola­ryň ar­ma­sy­ny ýe­tirdi­ler. Tej­ri­be­li kä­ren­de­çi Dört­gu­ly Ça­ry­ýe­wiň be­re­ke­de bes­le­nen 14 gek­tar go­wa­ça meý­da­nyn­da bo­lan du­şu­şyk tä­sir­li bol­dy. Ýy­lyň-ýy­ly­na oba ho­ja­lyk ekin­le­rin­den ýo­ka­ry ha­syl al­ýan bu tej­ri­be­li daý­ha­nyň şu şan­ly ýyl­da hem top­ra­ga siň­diren yh­la­sy­nyň ýe­ri­ne dü­şen­di­gi­ne iş üs­tün­dä­ki du­şu­şyk­da göz ýe­tirmek müm­kin bol­dy. Ol ýe­tiş­di­ri­len ha­sy­ly hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň sow­ga­dy bo­lan kuw­wat­ly pag­ta ýygy­jy kom­baýn­la­ryň kö­me­gi bi­len ýyg­na­ma­ga aý­ra­tyn äh­mi­ýet berýär.

Daý­ha­nyň «ak al­tyn­ly» atyz­lary­nyň be­re­ket­li ha­sy­ly­ny syn­la­nyňda tab­şy­ry­ga aň­ry­ýa­ny bi­len höt­de gel­jek­di­gi­ne ynan­ýar­syň. Daý­han bir­le­şi­gi­niň go­wa­ça meý­dan­la­ryn­da­ky ha­sy­ly ýyg­namak­da et­ra­byň Teh­ni­ki hyz­mat ediş kär­ha­na­sy­nyň me­ha­ni­za­tor­la­ra — «John Dee­re» kom­baýn­la­ry­na erk ed­ýän Ça­ry­ýar Mom­ma­ýe­wiň, Ka­ka­my­rat Bug­ra­ýe­wiň çek­ýän yhlas­ly zäh­me­ti öw­gä my­na­syp­dyr. Iş üs­tün­dä­ki du­şu­şyk ma­ha­lyn­da ady ag­za­lan kom­baýn­çy­lar öz­le­ri­niň erk ed­ýän kuw­wat­ly kom­baýn­la­ry bi­len her gün­de 20 gek­ta­ra çen­li meý­dan­da ýy­gym ge­çir­ýän­dik­le­ri­ni gür­rüň ber­di­ler.

Pag­ta ýy­gy­my­nyň öň­de­ba­ry­jyla­ry­ny hö­wes­len­dir­mek iş üs­tündä­ki du­şu­şyk­la­ryň esa­sy mak­sa­dy bol­dy. Şo­nuň bi­len bag­la­ny­şyk­ly, gür­rü­ňi edil­ýän daý­han bir­le­şi­giň go­wa­ça­ly meý­dan­la­ryn­da bo­lan du­şu­şyk­la­ryň bar­şyn­da hä­zir­ki jogap­kär­li möw­süm­de ta­pa­wut­la­nyp zäh­met çek­ýän kom­baýn­çy­lar­dyr ýy­gym­çy­la­ryň bir­nä­çe­si­ne ýö­ri­te sow­gat­lar gow­şu­ryl­dy.

 

Yhlas SAPAROW, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ak bugdaý etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.