Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

SAGLYK IŞGÄRLERINE SAGBOLSUN AÝDYLDY

Ýakynda, has takygy, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde ak ýektaýly lukmanlarymyzyň hünär baýramçylygyny bellemek we olara hoşallyk bildirip, sagbolsun aýtmak maksady bilen Baýramaly şäherindäki Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şypahananyň medeniýet öýünde welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň, Baýramaly şäherindäki Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şypahananyň, welaýat dermanhana müdirligi hem-de welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň guramagynda amaly maslahat geçirildi.

Maslahaty welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň başlygynyň orunbasary Abdylla Kakalyýew açdy we alyp bardy. Ol eli ýeňil lukmanlary hünär baýramçylygy bilen gutlady we olara ýeňil bolmadyk işlerinde uly üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuwlady. Şeýle-de, hünär baýramçylygynyň şanyna ýygnananlardan welaýat onkologiýa hassahanasynyň baş lukmany, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Kerimberdi Aýdogdyýew, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň baş akuşer-ginekolog lukmany, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Maýa Japarowa, Baýramaly şäherindäki Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şypahananyň baş lukmany Geldi Annamuhammedow, welaýat köpugurly hassahanasynyň baş lukmanynyň orunbasary Juma Esenmyradow, welaýat köpugurly hassahanasynyň bölüm müdiri Ata Kulyýew, Mary şäher iç keselleri hassahanasynyň lukmany Suraý Meläýewa, Mary etrap hassahanasynyň lukmany Baýrammyrat Nepesow dagy çykyş etdi.

Amaly maslahatyň ahyrynda TDP-niň Mary şäher komitetiniň başlygy Hekimberdi Orazberdiýew gutlag sözi bilen çykyş etdi hem-de öňdebaryjy lukmanlara partiýa tarapyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurdy.

***

Şeýle täsirli maslahatlaryň biri hem Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda geçirildi. TKA-nyň welaýat birleşmesi hem-de welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň guramagynda geçirilen bu dabaraly maslahaty TKAnyň welaýat birleşmesiniň bölüm müdiri Oguldursun Kamarowa alyp bardy.

Dabaraly maslahatda gutlag sözi bilen welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň başlygynyň orunbasary Abdylla Kakalyýew, TKA-nyň Şatlyk şäher birleşmesiniň başlygy Gurbanmuhammet Babaýew, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň hünärmeni Ogulşirin Seýidowa, Mary etrap hassahanasynyň lukmany Soltan Kulyýewa çykyş etdiler. Maslahatyň ahyrynda TKA-nyň welaýat birleşmesi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

 

S. ANNAGULYÝEWA.

SURATDA: dabaradan pursat. Surata düşüren Şamyrat AMADOW.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.