Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

IL SAGLYGY GORALÝANDYR YGTYBAR, ALADAŇYZ ÜÇIN SAG BOL, ARKADAG!

Welaýatymyzda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralary ruhubelentlige we özboluşly manymazmuna eýe boldy.

Baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň XIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa welaýatymyzyň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim, sport, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Milli Liderimiziň döredijilikli zähmetiniň we ylmy garaýyşlarynyň aýdyň netijesi bolan bu kitap diňe bir saglygy goraýyş işgärleri üçin däl, eýsem, giň okyjylar köpçüligi üçin hem ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. Topragy keremli, howasy jana şypaly türkmen sährasynyň baý ösümlik dünýäsi, halk lukmançylygynyň gadymy däpleri dogrusyndaky giňişleýin maglumatlar kitabyň sahypalarynda öz beýanyny tapýar. Bu kitap ylmy maglumatlara baýlygy bilen birlikde, halkymyzyň ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda toplan, öwrenen we nesilden-nesle geçirip gelen halk tebipçiliginiň taryhyny öwrenmekde hem egsilmez çeşme bolup durýar. Şeýle mazmunly çykyşlar hormatly Prezidentimiziň adyna aýdylan hoşallyk sözleri bilen utgaşdy. Dabarada çykyş edenler milli Liderimizi hünär baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, janynyň sag, belent başynyň aman, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler. Dabaranyň dowamy welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy.

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Daşoguz şypahanasynda welaýat we Daşoguz şäher häkimlikleriniň, welaýat Saglygy goraýyş hem-de Medeniýet müdirlikleriniň guramagynda dabaraly maslahat geçirildi. Oňa welaýatymyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri we saglygy goraýyş işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň wekilleri işjeň gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ynsan saglygy, halkymyzyň durmuş abadanlygy babatdaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigi hakynda çykyş etdiler. Şeýle hem çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek we onuň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak babatda amala aşyrylýan özgertmeler, ulgamyň ýeten belent sepgitleri dogrusynda nygtap geçdiler. “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşiniň hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin meýilnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijesinde halkymyza hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hil derejesiniň ýokarlanandygy we elýeterliliginiň gazanylandygy hakynda dabarada söz sözlänler buýsanç bilen bellediler. Dabaranyň ahyrynda hünär baýramçylyklary mynasybetli welaýatymyzda zähmet çekýän saglygy goraýyş ulgamynyň öňdebaryjy işgärlerine TKA-nyň welaýat birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.