Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

MASLAHAT GEÇIRILDI

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda «Arkadagly döwürde bagtyýardyr zenanlar» atly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkezi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezi geňeşi, «Türkmengaz» döwlet konserniniň zenanlar guramasy tarapyndan geçirilen çärä nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda we önümçilik düzümlerinde zähmet çekýän gelin-gyzlar gatnaşdy.

Maslahatyň dowamynda «Türkmengaz» DK-nyň Nebitgaz pudagynyň maglumatlaryny seljeriş müdirliginiň baş hünärmeni Läle Nuryýewa, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezi geňeşiniň guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň baş hünärmeni Ogulgerek Gandymowa, Aşgabat şäherindäki 45-nji orta mekdebiň mugallymy Mährijemal Berketowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň kitaphanaçysy Bibigözel Mämmedowa, Turkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň laboratoriýa müdiri Sona Kerimowa dagy çykyş etdi.

Olar, hususan-da, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda berkarar döwletimizdäki özgerişler, halkymyzyň yaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen alnyp barylýan giň gerimli işler, jemgyýetde zenanlaryň tutýan möhüm orny, enäniň we çaganyň saglygyny goramakda alnyp baryl­ýan oýlanyşykly döwlet syýasaty, çaga terbiýesi, sagdyn durmuş ýörelgesi barada söz sözlediler.

Zenanlar çykyşlarynyň dowamynda halkymyzyň bagtyýar şu güni we röwşen geljegi üçin ummasyz işleri alyp barýan milli Liderimize hoşallyk bildirdiler.

 

“Nebit-gaz”.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.