Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

TÜRKMENISTANYŇ HORMATLY PREZIDENTINIŇ «TÜRKMENISTANYŇ DERMANLYK ÖSÜMLIKLERI» ATLY KITABYNYŇ XIII JILDINIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde geçirmeginde Türkmenistanyň Prezidenti, Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabyň XIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

surat

Maslahaty Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy Amangeldi Orazow alyp baryp, onda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary Gurbanmyrat Aşyrow, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Sebitleýin ösüş, daşky gurşawy goramak we agrosenagat syýasaty baradaky komitetiniň başlygy Çarygeldi Babanyýazow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Ata Serdarow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy Akjemal Durdyýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy Ýazmuhammet Öwezberdiýew, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk  uniwersitetiniň kafedra müdiri, professor Italmaz Saparlyýew, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş  we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň direktory Ogulmähri Geldiýewa, Aşgabat şäheriniň 13-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany Maýa Öküzowa çykyş etdiler.

Tanyşdyrylyş dabarasynda Aşgabat şäher häkimliginiň “Aşgabat” döredijilik toparynyň artisti Gulberdi Jepbarow, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň aýdymçysy Ezizmyrat Rejepow, Türkmenistanyň at gazanan artisti Jumamuhammet Akgaýew, Türkmenistanyň at gazanan artisti Ilşat Annamämmedow dagynyň ýerine ýetirmeginde aýdym sazlar ýaňlandy.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.