Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÖŇDEBARYJYLAR HÖWESLENDIRILÝÄR

Kaka etrabynda pagta ýygymynyň depginini ýokarlandyrmak, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnamak hem-de harmanhanalara bökdençsiz daşamak maksady bilen höweslendiriş çäreleri guralýar. Bu babatda pagtaçylaryň arasynda yglan edilen ongünlük zähmet bäsleşikleri uly ähmiýete eýedir. Özboluşly zähmet bäsleşikleriniň jemi degişli möhletlerde jemlenilip, ýeňijilere mynasyp bolan sowgatlary iş üstünde gowşurylýar.

Golaýda nobatdaky ongünlük bäsleşiginiň jemi jemlenip, öňdebaryjy ýygymçylar, hasyly harmana daşamaga gatnaşýan awtoulag sürüjileri hem-de ýokary öndürijilikli kombaýnlara erk edýän mehanizatorlar ýüze çykaryldy. Zähmet bäsleşiginiň netijesi boýunça birinji orna mynasyp bolan pagtaçylara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň ýörite sowgatlary iş üstünde gowşuryldy.

 

Meýlismyrat MYRADOW, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kaka etrap birleşmesiniň başlygy.

SU­RAT­DA: hö­wes­len­di­riş çä­re­sin­den pur­sat.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.