Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

INÇE SENET

Zergärleriň diňe bir owadanlyk üçin däl, eýsem, yhlas siňdirilip ýasalan, özüniň ajaýyplygy bilen tapawutlanýan şaý-sepleri saglyk üçin hem peýdalydyr. Kümüş teňňäniň suwa atylyp içilende, suwy arassalaýandygyny has gadymy döwürlerde hem bilipdirler. Dili agyr çagalara tylla ýa-da kümüş jamdan suw içirilse, peýdasynyň degýändigine halkymyz durmuş tejribesi arkaly göz ýetiripdirler. Mundan başga-da, lukmançylyk ylmynda altyndyr kümüşden ýasalan şaý-sepleriň Günüň adam saglygyna zyýanly täsirini, ýiti şöhlesini yzyna serpikdirmekdäki ähmiýeti bellidir. Nesilme-nesil dowam edipgelýän däbe görä, täze ojagy döredýän ýaş çatynjalara nika gyýlanda, ellerine kümüş teňňäniň berilmegi ýa-da täze dünýä inen çaganyň çileden çykarylan çile suwuna hem kümüş teňňäniň atylmagy halallygyň, rysgal-döwletliligiň, agzybirligiň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan kemal tapan “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi”atly kitabynda zergärçilik bilen bagly şeýle setirlere duş gelmek bolýar: “Kerwen bilen söwda edilen döwürlerde zergärçilik hem ýokary ussatlyk derejesine ýetirilipdir. Türkmen zergärleriniň zergärçilik materiallaryny işlemek sungaty geçmişde örän kämil bolupdyr we ol häzirki günlerde hem dowam edip gelýär. Olar kiçijik göweçde metaly eredip, gerekli sudury beripdirler. Zergärçilik bezegleriniň taýýarlanylýan ýerinde köpgyraňly bezeg daşlaryny ýonupdyrlar. Türkmen zergärleri dürli hili daşlary ýonup, owadan gaşlar goýupdyrlar, olaryň iň köp ulanylýany hakyk daşy bolupdyr. Zergärler kümşe gyzyl çaýypdyrlar, ony garalapdyrlar. Belli bolşy ýaly, türkmen edebiýatynyň ägirdi Magtymguly hem zergärçilik edipdir”.

Magtymguly diňe şahyr bolman, senetçiligiň iň inçe görnüşleriniň biri bolan zergärçilik bilen hem meşgullanypdyr. Şahyryň şygyrlarynda duş gelýän zergärçilik bilen baglanyşykly tilsimler, usullar, şahyrana meňzetmeler onuň bu hünär bilen içgin iş salşandygyny subut edýär. Şahyr goşgusynda: “Göweçde suw bolan zer dek bolar sen” diýip ýöne ýere aýtmandyr. Şu goşgy setirinden mälim bolşy ýaly, altyny eretmek üçin ýörite «göweç» diýlen gapdan peýdalanypdyrlar. Şol gapda simabyň kömegi bilen altyn eredilipdir. Halkymyz eredilen altyny dürli galyplara guýup, islendik şekili almagy başarypdyr.

Zergär hökmünde hem ulus-iliň özüne hormat-sarpa goýmagyna mynasyp bolan beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň “Är ýanynda bellidir” atly şygrynda:

 

Eger pir sen, eger ýaş,

Kylma syryň halka paş,

Syr saklagan mähek daş,

Zer ýanynda bellidir —

 

diýip bellemegi, onuň mermeriň gara görnüşiniň ýumşak hilisi bolan mähegiň häsiýetli aýratynlyklaryny oňat bilýändigini görkezýär. Mähek daşy ussalar zergärçilik işlerinde ulanýarlar. Meselem, aýdaly, bir ýüzügiň ýa-da gulakhalkanyň sap altyndandygyny ýa-da däldigini mähek daş anyklaýar. Munuň üçin mähek daşy alyp, ýüzügiň ýüzüne çyzmaly. Şol çyzylan inçejik çyzygyň ýüzüne hem simap suwuklygyny ýöretmeli-çalmaly.

Az-kem wagt geçenden soň hemme zat aýdyň bolýar: eger gulakhalka sap altyndan bolsa üýtgemeýär, eger-de garyndyly bolsa mähek daş bilen çyzylan ýer sozulyberýär.

Hakyk daşyny göz-dilden goraýan, öýe bagt getirýän jadyly daş hasaplapdyrlar. Hut şonuň üçin hem türkmen zergärleri bezeg şaýlarynyň daşy hökmünde hakyk daşyny has köp ulanypdyrlar. Hakyk daşy, köplenç, şaý-sepleriň merkezinde goýlup, toý-dabaralara niýetlenip dakyljak bezeglere, şelpelere gaş edilip oturdylypdyr. Her bir senetde bolşy ýaly, zergärçilik sungatynyň hem öz aýratynlygy bolupdyr.

Ýurdumyzyň syýahatçylyk künjekleriniň biri bolan “Köneürgenç” taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýanyndaky Halk hünärleri muzeýinde ýörite zergärçilik sungatynyň eserlerini bu ýere gelýän syýahatçylaragörkezmek,olaryşeýleajaýyp senet bilen tanyşdyrmak maksady bilen, “Zergäriň ussahanasy”, “Zergärçilik otagy” atly hüjreler hereket edýär. “Zergäriň ussahanasynda” zergäriň şaý-sep ýasamakda ulanýan göweç, körük, sandal, galyp, kömekçi gurallar: çekiç, galam, gaýçy, çalgy daş, atagzy, şetdat, simkeş we şuňa meňzeş birnäçe zähmet gurallary ýerleşdirilen. Şeýle-de “Zergärçilik otagynda” zerewşan misli şaý-seplerimiz bolan bäzbent, ok-ýaý, tumar, aýak-bukaw gülýaka, bilezik, teneçir, bukaw, çekelikler, asyk, heýkel, dagdan we şuňa meňzeş şaý-sepleri synlamaga mümkinçilikler döredilen.

Şaý-sepleri ýaş aýratynlyklaryna görä dakynypdyrlar. Türkmenlerde ýaş çaga altyn, kümüş daksaň, ulalanda sagdyn bolýar diýen ynanç bar.

Türkmen zergärleriniň nepis çeperçilik duýgulary we giň döredijilik gözýetimleri bolupdyr. Gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýan zergärçilik sungaty Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe uly ösüşlere eýe bolýar. Bu ugurda döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys.

 

Gurbantäç REJEPOWA, «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.