Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

PAGTAÇY DAÝHAN

Ene toprak tylla-zerin eçildi,

Harmana bereket, pagtaçy daýhan!

«Ak altynlar» patrak deýin açyldy,

Harmana bereket, pagtaçy daýhan!

 

Ak hanalar çar tarapy bezeýär,

Günler geçdigiçe işler has gyzýar,

Ak kerwenler hatar-hatar uzaýar,

Harmana bereket, pagtaçy daýhan!

 

Zähmetde taplandy gujurly gollar,

Hasyl boldy ähli arzuw-hyýallar,

Aklyga beslendi sag bilen sollar,

Harmana bereket, pagtaçy daýhan!

 

Zähmetkeşiň azap-yhlasy siňen,

«Ak altynym» ak bagtyma deňelen,

Eziz Arkadagyň goldawy bilen,

Harmana bereket, pagtaçy daýhan!

 

Mekan Ama­now, Serdar şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzasy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.