Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ŞALY ORAGY DOWAM EDÝÄR

Daşoguz welaýaty boýunça 8 müň 100 gektar ýere ekilýän şalynyň agramly bölegi S.Türkmenbaşy etrabynyň şalyçylyga ýöriteleşdirilen «27-nji oktýabr» we S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşikleriniň çäklerinde ösdürilip ýetişdirilýär. Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň bellenilen ýylynda etrapda şalynyň bereketli hasyly kemala getirildi.

Şu günler meýdanlarda irki şalynyň oragy dowam edýär. S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde şalyçy kärendeçileriň 416-sy 4 müň 750 gektar meýdanda şalynyň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Bu daýhan birleşikde ekilen şalynyň agramly bölegi onuň irki möhletde ekilen görnüşidir. Şaly oragynda galla orýan kombaýnlaryň 40-sy işledilýär. Hojalykda orak orýan toparlaryň 9-sy bar. Olaryň öndürijilikli işlemegi üçin ähli şertler döredildi. Daýhan birleşik boýunça her günde ýüzlerçe gektar meýdanda şaly hasyly ýygnalýar. Bu işde tejribeli kombaýnçylardan Sapargylyç Atajanow, Perhat Gaýypow, Batyr Nureddinow, Arazgylyç Şagylyjow aýratyn yhlas görkezýärler.

Daýhan birleşikde şalyçylykda baý tejribesi bolan kärendeçiler barmak basyp sanardan kändir. Bu ýyl hem Meretgeldi Öräýew, Gadam Baýramow, Meretdurdy Amanow, Jemhur Marekäýew ýaly kärendeçileriň kärende ýerinde hasyllylyk has ýokary boldy.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi daýhan birleşigi bilen bilelikde şaly hasylyny ýygnamak işiniň bökdençsiz dowam etmegi üçin köp ugurly guramaçylyk işlerini alyp barýar. Şaly oragynda işleýän adamlaryň iş şertleri gündelik üns merkezinde saklanylýar. Önümçiligiň öňdebaryjylary üçin höweslendiriş çäreleri guralýar.

 

Perman KAKAJANOW, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň S.Türkmenbaşy etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.