Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

JAÝDAR JOGAP

Öňräk maňa dili senaly ýaşulularyň çaý başynyň gürrüňdeşligine gatnaşmak miýesser etdi. Şonda köp çarşenbäni başdan geçiren, daşyndan seretseň il-güne beýemçilik edip ýören ýaşuludygy, özem il-günüň edep-ekramlaryndan, däp-dessurlaryndan gowy baş çykarýandygy bildirip duran peşeneli ýaşulynyň biri: «Arada belli žurnalist, mirasgär Seýitli Söýüniň golýazmalar depderçesine ser salyp otyrkam, ömürboýy gözläp, gyzyklanyp ýören soraglarymyň jogabyna gabat geldim oturyberdim” diýdi. Şol ýazgyda şeýle sözler bar ekeni. Aýdylyşyna görä, bir asyr mundan öň ýaşap geçen maryly Gülüş ahuny (Pygamberguly Hojaly ogly) toýa çagyrypdyrlar. Dili senaly, öz döwründe ylym, bilimi ýetik ahun agany toý eýeleri uly hormat, güler ýüz bilen garşy alypdyrlar. Ahun aga jaýlaşykly oturanyndan soňra toý tagamy çekilipdir. Hemmeler tagam iýip bolanyndan soňra tagama töwir edilip, gezek çaýa geçipdir. Şonda dilewarrak biri:

— Ahun aga, bir ýere baraňda öňüňde goýlan tagamyň halaldygyna ýa-da haramdygyna göwnüňe güman gitse, şol tagamdan iýseň bolýarmy? — diýip, sorag beripdir. Il edebinden, däp-dessuryndan, ylym-bilimden gowy baş çykarýan Gülüş ahun:

— Adamlar! Siz kyn görmäň-de, meni üns bilen diňläweriň! Siz şübhesiz tagam isleseňiz, aç galarsyňyz, şiwesiz molla isleseňiz mollasyz galarsyňyz, gybatsyz märeke isleseňiz ker hem kör galarsyňyz — diýip, hemmeleriň göwnüne jaý, nesillere-de geçiräýmeli jogaby beripdir.

 

Amanmyrat ÝAMADOW. Wekilbazar etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň geografiýa mugallymy, KA-nyň işjeň agzasy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.