Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

.
.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, geçirilen işleriň netijeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleri, gyşky möwsüme we öňde boljak baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlyk hem-de beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ç.Purçekowy we Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymowy göni aragatnaşyga çagyrdy.

Häkim paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäheri abadanlaşdyrmak we baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk görmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, şäheriň jemagat hojalygy gulluklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, Aşgabatda arassaçylygy saklamak hem-de abadanlaşdyryş işlerini geçirmek maksady bilen, ýörite tehnikalar satyn alynýar. Şeýle ulaglaryň täze tapgyry ýakynda ýurdumyza gelip başlady.

Şu ýylda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň ýagdaýy barada aýdyp, häkim häzir “Garagum” myhmanhanasynyň hem-de “Erkin” seýilgähiniň, Magtymguly Pyragynyň Köpetdagyň eteginde bina edilýän heýkeliniň gurluşyklarynda alnyp barylýan işleriň tamamlaýjy tapgyra gadam goýandygyny nygtady.

Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramy mynasybetli meýilleşdirilýän baýramçylyk çärelerine taýýarlyk hem-de gyş möwsüminiň gelip ýetmegi bilen, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamyny bökdençsiz işletmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada-da hasabat berildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu ýyl açylmagy meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda tamamlanmagy we olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň möhümdigine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Aşgabadyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşen şäher hökmünde ykrar edilendigini belledi. Bu ýerde alnyp barylýan işler şäher ilatynyň abadançylygyna gönükdirilip, binagärligiň häzirki zaman gazananlary, inženerçilik-tehniki çözgütler we bu ugurdaky asyrlar aşyp gelýän milli tejribeler utgaşdyrylýar. Hut şonuň üçin paýtagtymyzda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik ýola goýulmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere hem-de häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Halkara Bitaraplyk gününiň hormatyna meýilleşdirilen dabaralara görülýän taýýarlyk işleri barada aýdyp, olaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini, ýurdumyz üçin ähmiýetli bu baýramyň ruhuna laýyk derejede guralmalydygyny belledi. Ähli meýilleşdirilen çärelerde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ýeten derejesi, öňe sürülýän halkara başlangyçlaryň ähmiýeti öz beýanyny tapmalydyr diýip, milli Liderimiz nygtady hem-de bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gyşky möwsümde elektrik energiýasynyň we ýylylyk ulgamynyň bökdençsiz işini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň beýleki şäherleriniň, obalarynyň durmuş üpjünçiligi bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözülmegini berk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny belledi we bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda dowam etdi.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow sebitdäki işleriň ýagdaýy hem-de öňde goýlan wezipeler bilen baglylykda, alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimize möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginini güýçlendirmek, hususan-da, güýzlük bugdaý ekişini ýokary derejede we pugta bellenen agrotehniki möhletde geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi.

Welaýatyň häkimi ekiş döwründe tehnikalaryň we gurallaryň giňden ulanylyşy, olara öz wagtynda tehniki taýdan hyzmat edilişi, gögeriş alnan bugdaý meýdanlaryna ideg etmek, ösüş suwuny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hem aýtdy.

Pagtaçylar ýetişdirilen hasyly doly möçberde hem-de ýitgisiz ýygnamak üçin yhlasly zähmet çekýärler. Şu maksat bilen, pagta ýygyjy kombaýnlaryň, ulaglaryňdyr tehnikalaryň, ýygnalan “ak altyny” harmanhanalarda we pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul edilmegi üpjün edilýär. Şeýle hem ýeralmanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny almak hem-de ilaty isleg bildirilýän bu önüm bilen üpjün etmek üçin hemme çäreler görülýär.

Şunuň bilen bir hatarda, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleri öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi. Hususan-da, welaýatyň gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de ýerlerde durmuş-ykdysady düzümi kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada aýdyldy.

Sebitde gyşky möwsüme taýýarlyk işleri we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli meýilleşdirilen baýramçylyk çärelerine taýýarlyk barada hasabat berildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, azyk bolçulygyny üpjün etmek we ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny yzygiderli pugtalandyrmak boýunça möhüm wezipeler bilen baglylykda, ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, häkime pagta ýygymy möwsümini üstünlikli tamamlamak üçin hemme tagallalary etmek tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz güýzlük bugdaý ekişiniň depginini güýçlendirmek hem-de beýleki oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýdyp, bu babatda häkime we wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Häkime welaýatda durmuş-medeni we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşyny berk gözegçilikde saklamak, ýyladyş möwsümi döwründe ilatyň durmuş üpjünçiligini bökdençsiz ýola goýmak tabşyryldy.

Milli Liderimiz Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli meýilleşdirilen dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew günbatar sebitde geçirilýän işler, ilkinji nobatda, möhüm oba hojalyk möwsümlerini — geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini, pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmek, beýleki oba hojalyk ekinlerini, hususan-da, ýeralmany hem-de gant şugundyryny ösdürip ýetişdirmek we olara ideg etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şu günler welaýatda ýetişdirilen “ak altyny” gysga möhletde we ýitgisiz ýygnap almak üçin hemme zerur çäreler görüldi. Şunda pagta ýygyjy tehnikalaryň netijeli işledilmegini üpjün etmek, hasyly harmanhanalara hem-de pagta arassalaýjy kärhanalara bökdençsiz daşamak üçin tagallalar edilýär.

Sebitiň täze gurluşyklaryndaky işleriň ýagdaýy, döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berildi, gyşky möwsüme taýýarlyk boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada aýdyldy. Şeýle hem häkim Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli meýilleşdirilen çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bugdaý ekişi hem-de pagta ýygymy möwsümleriniň depginini artdyrmagyň, bu jogapkärli möwsümlerde ulanylýan döwrebap oba hojalyk tehnikalaryny netijeli peýdalanmagyň möhümdigine häkimiň ünsüni çekdi.

Milli Liderimiz ýetişdirilen pagtany öz wagtynda we doly ýygnap almagyň, ýygym möwsüminde zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak üçin mümkinçilikleri döretmegiň wajypdygyny nygtap, häkime we wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz güýzlük bugdaýyň ekişi bilen bir hatarda, beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ýeterlik möçberde öndürmek üçin zerur agrotehniki çäreleri bellenen möhletde ýerine ýetirmelidigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmagyň çäklerinde welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň üstünde durup geçip, gurluşygy bildirilýän ähli talaplara laýyklykda alnyp barylmaly dürli maksatly desgalary öz wagtynda ulanmaga tabşyrmak, gyşky möwsümde ähli degişli gulluklaryň bökdençsiz işini üpjün etmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guraljak baýramçylyk çärelerine degişli derejede taýýarlyk görmek babatda birnäçe tabşyryklar berildi.

Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynda Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow sebitdäki işleriň ýagdaýy, baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 —2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» we Oba milli maksatnamasynyň wezipelerini ýerine ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Häkim welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda amala aşyrylýan möwsümleýin agrotehniki çäreler barada hasabat berip, güýz günlerinde pagta hasylyny ýygnamagyň depginini güýçlendirmek, güýzlük bugdaýyň ekişini öz wagtynda hem-de guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň üns merkezinde durýandygyny habar berdi.

Agrotehniki kadalara laýyklykda, şalynyň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny almak maksady bilen işler alnyp barylýar.

Daşoguz welaýatynda gurulýan dürli maksatly desgalaryň gurluşygy, gyşky ýyladyş möwsümine taýýarlyk hem-de ilatyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleler hemişe gözegçilikde saklanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň öz wagtynda geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, bugdaý ekişini ýokary hilli geçirmek hem-de pagta ýygymy möwsümini has amatly möhletlerde tamamlamak maksady bilen, anyk çäreleri görmek boýunça häkime hem-de wise-premýere birnäçe görkezmeler berildi.

Bu ugurda welaýatda pudagyň tehniki binýadyny doly güýjünde ulanmak bilen birlikde, öňde goýlan wezipeleri çözmäge toplumlaýyn çemeleşmegi, agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmegini, ekerançylaryň we mehanizatorlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin hemme şertleri döretmegi üpjün etmek zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň özeninde halkymyzyň abadançylygy hakyndaky aladanyň durandygyny belläp, ýerlerde ýaşaýyş-durmuş düzümlerini kämilleşdirmek hem-de welaýatyň durmuş üpjünçiligine degişli ulgamlary gyş möwsümine öz wagtynda taýýarlamak baradaky meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Şol bir wagtyň özünde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça anyk görkezmeler berildi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitdäki işleriň ýagdaýy, güýzlük bugdaýyň ekişini hem-de “ak altyn” möwsümini ýokary hilli we guramaçylykly geçirmek, baş maksady adamlaryň mynasyp durmuşyny üpjün etmekden ybarat bolan «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» hem-de Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler baradaky hasabat bilen çykyş etdi.

Döwlet Baştutanymyza sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin meýdan işleri, hususan-da, güýzlük bugdaý ekişiniň hem-de dowam edýän “ak altyn” hasylynyň ýygymynyň barşy barada, beýleki oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmek, hususan-da, şaly ekilen meýdanlara agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi.

Şunuň bilen bir hatarda, welaýatda gurluşyklary bildirilýän ähli talaplaryň berjaý edilmegi bilen alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, gyşky ýyladyş möwsümine degişli gulluklary taýýarlamak hem-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli meýilleşdirilen baýramçylyk çäreleri barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bugdaý ekişini ýokary hilli geçirmegiň zerurdygyny belledi.

Şeýle hem milli Liderimiz kärendeçi daýhanlaryň yhlasly zähmeti bilen ýetişdirilen pagtany meýdanlardan gysga möhletde we ýitgisiz ýygnap almak hem-de Watanymyzyň uly harmanyna goşmak maksady bilen, bar bolan hemme serişdeleri gönükdirmegiň döwrüň talabydygyna ünsi çekip, bu babatda häkime we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny artdyrmak baradaky meselä degip geçip, ilaty ýokumly, ter önümler bilen üznüksiz üpjün etmek üçin, güýzlük gök önümler, şol sanda ýeralma ösdürilip ýetişdirilende, agrotehniki kadalary berk berjaý etmegiň, şeýle hem welaýatda ösdürilip ýetişdirilen şaly hasylyny gysga möhletlerde we ýitgisiz ýygnap almagyň zerurdygyny nygtady.

Şeýle hem durmuş we önümçilik maksatly desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň hilini ýokarlandyrmak, ýyladyş ulgamlaryny gyş möwsümine öz wagtynda taýýarlamak, şeýle hem öňde boljak baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk görmek boýunça anyk tabşyryklar berildi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde amala aşyrylýan iri möçberli özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlarynyň halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendigini belläp, häkimden bu meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy talap etdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Maksatnamasynda, Oba milli maksatnamasynda kesgitlenilen wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Häkim möhüm oba hojalyk möwsümlerini geçirmek, 2022-nji ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak we kärendeçi-ekerançylaryň yhlasly zähmeti bilen ösdürilip ýetişdirilen gowaça hasylyny öz wagtynda ýygnamak boýunça alnyp barylýan işleriň barşy barada hasabat berdi.

Gant şugundyry, güýzlük gök ekinler ekilen meýdanlarda degişli idegiň geçirilýändigi bellenildi.

Mary welaýatynyň häkimi möhüm durmuş-medeni hem-de önümçilik maksatly gurulýan desgalardaky alnyp barylýan gurluşyklaryň barşy, gyşky ýyladyş möwsümine degişli ulgamlary taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hem habar berdi. Şeýle hem häzirki döwürde Halkara Bitaraplyk gününe taýýarlyk işleri ýaýbaňlandyryldy.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň — güýzlük bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymy möwsüminiň üstünliginiň daýhanlaryň zähmetiniň guramaçylykly guralyşyna we pudaklaýyn düzümleriň utgaşykly özara hereket etmegine gönüden-göni baglydygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýdyp, ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň bökdençsiz işledilişine, meýdanlarda zähmet çekýän adamlar üçin oňaýly iş şertleriniň döredilişine degişli gözegçiligi üpjün etmek barada häkime we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz azyk bolçulygyny pugtalandyrmak maksady bilen, gök önümleriň bereketli hasylyny almak, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak boýunça anyk çäreleriň görülmelidigini belläp, ýerleriň suwaryş ýagdaýyny gowulandyrmagyň, ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmagyň, hasyllylygy artdyrmagyň we häzirki zamanyň obasenagat ylmynyň gazananlaryny iş ýüzünde giňden ornaşdyrmagyň zerurdygyny aýtdy.

Milli Liderimiz alnyp barylýan gurluşyklara degip geçip, sebitde bina edilýän ähli desgalaryň hemme ölçegler boýunça ýokary hil ülňülerine kybap gelmelidigini hem-de meýilleşdirilen möhletinde ulanylmaga tabşyrylmalydygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz gyşky ýyladyş möwsümine taýýarlyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegi, baýramçylyk çäreleriniň guramaçylyk derejesi bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli üns merkezinde saklanylmalydygyny belledi.

Soňra iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Wise-premýer ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Azyk bolçulygynyň esaslaryny berkitmek maksady bilen, häzirki wagtda güýzlük bugdaý ekişi we pagta ýygymy möwsümleri güýçli depginler bilen dowam edýär. Oba hojalyk tehnikalaryny we beýleki enjamlary doly ulanmak, daýhanlary ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün etmek meselelerine ýokary derejede üns berilýär.

Pagta çig malyny gysga möhletde we ýitgisiz ýygnap almaga gönükdirilen “ak altyn” möwsüminde kombaýnlar, hasyly daşamak üçin tehnikalar, pagta arassalaýjy kärhanalar we harmanhanalar bökdençsiz işledilýär.

Ilatyň dürli görnüşli oba hojalyk önümlerine isleglerini kanagatlandyrmak boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Daşoguz, Lebap welaýatlarynda şalynyň hem-de Balkan, Mary welaýatlarynda güýzlük gant şugundyrynyň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin hemme zerur çäreler görülýär.

Ýurdumyzyň meýdanlarynda güýzlük ýeralma, gök hem-de beýleki oba hojalyk ekinlerine degişli idegler üpjün edildi. Şol ideg işleri tassyklanylan agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmak we ýurdumyzyň eksport kuwwatyny giňeltmek işinde obasenagat toplumyna aýratyn orun berilýändigini belläp, şunuň bilen baglylykda, pudaga oba hojalyk ylmynyň soňky gazananlaryny giňden ornaşdyrmak üçin şertleri üpjün etmelidigini nygtady.

Milli Liderimiz häzirki döwrüň biziň öňümizde çözülmegi düýpli täzeçil çemeleşmeleri talap edýän möhüm wezipeleri goýýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzyň obasenagat toplumyny hem-de onuň gaýtadan işleýän ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmak, oba hojalyk önümçiliginiň mukdaryny artdyrmak boýunça anyk çäreler görülmelidir.

Şunuň bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmegiň we mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň, abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi 

https://tdh.gov.tm/tk/post/29106/turkmenistanyn-prezidenti-sanly-ulgam-arkaly-maslahatyny-gecirdi-17

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.