Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

.
.

TAGALLALARYMYZYŇ NETIJESI

Ajap eýýamymyzda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda ykdysady özgertmeler giň gerime eýe boldy. Kämil tehnologiýaly önümçilik kuwwatlyklary işe girizildi. Şeýle özgertmeleriň bähbitli täsiri gaz senagaty pudagynda-da aýdyň duýulýar. Netijede, ýurdumyzda tebigy gazyň çykarylyşy ýylsaýyn ýokarlanýar. Şu netijeli işlere müdirligimiziň işgärlerem mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Müdirligimiziň esasy wezipesi gaz guýularyny burawlaýjylaryň bökdençsiz işlerine ýardam etmek bolup durýar.

Jogapkärli wezipäniň hötdesinden abraý bilen gelýän işgärlerimiziň iş we durmuş şertlerini şu günüň talabyna laýyk ýokarlandyrmakda kärdeşler arkalaşygy guramamyz tarapyndan uly tagallalar edilýär. Zähmeti goramak, tehniki howpsuzlygy üpjün etmek we ulaglar müdirligi bolany üçin hereket howpsuzlygynyň kadalarynyň her bir sürüji we traktorçy tarapyndan berk berjaý edilmegini gazanmak hem üns berýän meselelerimiz. Işgärlerimiziň maddy taýdan höweslendirilmegine, olara kadaly iş şertleriniň döredilmegine we beýleki aladalarymyza işgärlerimiz ýokary iş görkezijileri bilen jogap berýärler.

 

Batyrgylyç SARYÝEW. “Türkmengaz” Döwlet konserniniň ulaglar müdirliginiň KA-nyň başlygy.

“Maru-şahu jahan” gazeti

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.