Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

.
.

ALADA ÝERINE DÜŞENDE

Geçmişi şöhratly, geljegi abadan türkmen halky Gahryman Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bagtyýar ertiriniň binýadyny berkden tutýar. Ajap eýýamymyzda ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty ýokarlanyp, il-günümiziň maddy hal-ýagdaýy ýokarlanýar. Milli Liderimiziň tagallalary bilen oba hojalygyny ösdürmekde, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda uly işler durmuşa geçirilýär. “Suw damjasy — altyn dänesi” nakylyna eýerilýän ýurdumyzda suwdan tygşytly peýdalanmakda öňdebaryjy tejribelerden netijeli peýdalanylýar. Munuň özi ýurdumyzyň howa şertleriniň talabydyr. Dolanyşygymyzyň zähmetsöýer adamlary suw desgalarynyň ygtybarly ulanylmagy bilen bagly işleri durmuşa geçirmekde uly tagallalary edýärler. Şeýle aladanyň jogapkärçiligem hemişe ýokary bolmagynda galýar. Kärdeşler arkalaşygy guramamyz işgärlerimiziň iş we durmuş şertlerini ýokarlandyrmakda degerli işleri alyp barýar. Biz işgärleriň howpsuz zähmetini üpjün etmek bilen birlikde, olaryň günortan arakesmede talaba laýyk dynç almaklary üçin zerur iş şertleriniň döredilmegi bilen bagly meselelere hemişe uly üns berýäris. Garaşsyz döwletimizde giňden bellenilýän baýramçylyklarda we şanly senelerde toý saçagyny giňden ýazyp, olaryň şatlyk-şowhuna beslenmegi ugrunda aladalanýarys. Önümçiligiň öňdebaryjylaryny baýramçylyk sowgatlary bilen höweslendirýäris. Şeýle aladalarymyzam işgärlerimizi täze üstünliklere ruhlandyrýar.

 

Akmämmet ALLABERDIÝEW. “Murgapderýaulanyş” önümçilik dolanyşygynyň 1-nji derejeli hünärmeni, KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy.

“Maru-şahu jahan” gazeti

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.