Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

.
.

DÖWREBAP ALADA

Gahryman Arkadagymyzyň körpe nesil hakynda edýän aladasy netijesinde ýaş nesiller üçin amatly şertler döredilýär. Gözel binaly täze çagalar bakja-baglarynyň ýylsaýyn sany artyp, öňden bar bolanlarynyň durky täzelenýär. Häzirki zaman esbaplary bilen doly üpjün edilýär. Bakja-bagymyz hem şeýle çagalar edaralarynyň biri bolup, bu ýerde körpeleriň onlarçasy terbiýelenýär. Terbiýeçilerimiz körpeleriň wagtlaryny hoş geçirmekleri ugrunda ýadawsyz aladalanýarlar. Olar körpelere türkmen halk ertekilerini aýdyp bermek bilen uly gyzyklanma döredýärler. Şol ertekiler esasynda körpeleriň özleriniň gatnaşmaklarynda gysgajyk sahnalary gurnamagam çagalarda uly täsir galdyrýar. Şeýle hem terbiýeçilerimiz körpeleriň arasynda ýatdan goşgy aýtmak, aýdym aýdyp, tans etmek boýunça bäsleşikleri yzygiderli geçirip durýarlar. Bu bolsa olaryň wagtlaryny gyzykly geçirip, köp zatlary öwrenmeklerine, mynasyp terbiýe almaklaryna ýardam edýär. Mekdebe taýýarlaýyş toparymyzdaky körpeler bilen alnyp barylýan işlere ýeterlik ähmiýet berýäris. Mekdebiň bosagasyndan ilkinji gezek ätlejek körpeleriň kemsiz okap-ýazyp, sanlary goşup-aýryp bilmeklerini gazanmak üçin uly aladalar edilýär. Çagalaryň ylym-bilime tarap ilkinji ädimleriniň ynamly bolmagyny gazanmaga çalyşýarys. Bagtyýar zamanamyzyň mynasyp nesli kemala gelýär. Bu möhüm wezipäniň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde mynasyp paýymyzyň bardygy bizi täze üstünliklere ruhlandyrýar.

 

Sona ARTYKOWA. Serhetabat etrabyndaky 9-njy çagalar bakja-bagynyň müdiri, KA-nyň işjeň agzasy.

“Maru-şahu jahan” gazeti

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.