Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

.
.

ZÄHMET BÄSLEŞIGINIŇ JEMI JEMLENDI

Hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladalary netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy uly ösüşlere eýe bolýar, oba zähmetkeşleriniň, şol sanda pagtaçy-kärendeçileriň yhlasly we ýokary öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli şertler döredilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ösdürilip ýetişdirilen gowaça hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnamagy guramaçylykly geçirýän oba-hojalyk işgärlerini, kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalaryny höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesi pagta ýygymyna höwesli gatnaşýan kärendeçileriň, kombaýnçylaryň hem-de awtoulag sürüjileriň arasynda ongünlük zähmet bäsleşikleri yglan etdi.

Ýakynda şeýle bäsleşigiň jemi jemlenip, ýeňijiler yglan edildi. Onda «Tejen» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Hudaýberdi Hanmeňliýew, kombaýnçy Berdimyrat Goşaýew, sürüji Serdar Nurmämmedow ýeňiji boldular. Ýeňijilere bäsleşigi gurnaýjylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlar iş üstünde gowşuryldy.

 

Maral AKYÝEWA, Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Te­jen et­rap bir­leş­me­si­niň esa­sy hü­när­me­ni.

 

“Ahal durmuşy” gazeti

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.