Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

.
.

SAGLYK — BEGLIK

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda adamyň saglygyny goramaga we keselleriň öňüni almaga, halkymyza edilýän saglygy goraýyş hyzmatynyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreler giň gerime eýe bolýar. Saglygy goraýyş ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagyna hem uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň saglygyny goramaklyga, adam ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaklyga gönükdirilen ägirt uly işleriň netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk tejribesine esaslanýan saglygy goraýyş ulgamynyň kemala gelendigini buýsanç bilen nygtamak gerek.

Döwletimizde meýletin saglyk ätiýaçlandyrmasynyň we ilata lukmançylyk hyzmatyny etmegiň maşgala ýörelgesiniň hereket edýändigi hem aýratyn bellärliklidir. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ulgamda döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze saglyk öýleri, şypahanalar, hassahanalar, ylmy-kliniki, sagaldyş-dikeldiş merkezleri... halkyň hyzmatyna berildi. Şeýle beýik işleriň baş sakasynda bolsa hormatly Prezidentimiziň öz mähriban halky baradaky ýadawsyz aladasy durýar.

Goý, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde, bu ugurda halka edilýän hyzmatyň hil taýdan dünýä ülňülerine laýyk getirilmeginde hemme şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolup, işleri has-da rowaç alsyn!

 

Simnas Ku­ba­towa, Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Balkanabat şäher geňeşiniň başlygy.

"Balkan" gazeti 

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.