Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

.
.

AJAÝYP SOWGAT

Saglyk bilen ýaşalan günleriň höziri bir başga. Saglygyň gadyryny bilýän halkymyz elmydama sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerip gelýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri hem hormatly Prezidentimiziň baştutanylygynda ynsan saglygynyň belent sarpalanýan ajap eýýamy boldy. Ýurdumyzda her ýylda bellenilýän Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öň ýanynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň XIII jildiniň çapdan çykmagy halkymyzyň şatlygyny goşalandyrdy. Halkymyzyň derman otlaryndan melhem taýýarlamak ýaly ajaýyp däpleriniň ylmy taýdan giňden öwrenilmeginde uly ähmiýeti bolan bu gymmatly eser indi birnäçe ýyllardan bäri adamlaryň ýakyn hemrasy bolup gelýär. Dürli ýyllarda neşir edilip, halkymyza gowşan bu kitabyň beýleki jiltleriniň birnäçesi dünýä dilleriniň hem ençemesine terjime edildi.

Ynsanyň tebigat bilen sazlaşykda ýaşamagy sagdynlygyň baş şerti bolup durýar. Tebigy melhemler bolsa halk arasynda uly meşhurlyga eýedir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň XIII jildinde ady agzalýan ösümlikleriň biziň baý tebigatymyzda duş gelýändigi aýratyn bellärliklidir. Bu dermanlyk otlardan melhemleriň taýýarlanylyşy, duş gelýän ýerleri, peýdalanylyşy baradaky gymmatly maglumatlar kitabyň esasyny düzýär. Ýene-de bir bellenmeli zatlaryň biri hem, bu gymmatly ylmy neşiriň esasynda indi köp wagtdan bäri ýurdumyzdadermanotlardanmelhemlik çaýlaryň öndürilmeginiň ýola goýulmagydyr. Ynsan saglygyny goramak esasy alada hökmünde kesgitlenilen ajaýyp ýurdumyzda şeýle gymmaty egsilmejek kitaplaryň halkymyza peşgeş berilmegi diýseň guwandyrýar. Şu pursatda saglygy goraýyş işgäri hökmünde, GahrymanArkadagymyza yzygiderli peşgeş berýän paýhasa baý, ylma daýanýan ajaýyp kitaplary üçin köp sagbolsun aýdýarys.

 

Arazberdi REJEPOW, Köneürgenç etrap hassahanasynyň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy.

"Daşoguz habarlary" gazeti.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.