Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

.
.

TUTUMLY IŞLER

Sagdyn durmuş ýörelgesine berk eýerýän hormatly Prezidentimiz türkmen ýaşlaryna we ähli watandaşlarymyza nusga görkezip, sportuň dürli görnüşleri boýunça meşgullanýar. Ýurdumyzda sport we bedenterbiýe bilen raýatlaryň köp sanlysynyň, aýratyn-da, ýaşlaryň meşgullanmagy zyýanly endiklerden uzak durmaga, kalplarynyň tämiz bolmagyna uly kömek berýär. Şonuň üçin häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap sport desgalary hormatly Prezidentimiz tarapyndan gurlup, ulanylmaga berilýär.

Milli Liderimiziň ýurdumyzda sagdyn durmuşyň berkarar bolmagy ugrundaky tagallalary hem halkymyzyň abadan, bagtly durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şonuň üçinem biziň öňümizde durýan wezipelere jogapkärli çemeleşip, işleriň döwrüň talabyna laýyk ýola goýulmagyny gazanmaga çalyşýarys. Şu günki günde düşündiriş, wagyz-nesihat çäreleri aýratyn ähmiýete eýedir. Sebäbi, geljekki sagdyn nesliň aladasyny şu günden başlamaly.

Döwletli-döwranly döwürde eşretli ýaşaýşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan tutumly işleri rowaç bolsun!

 

Oguljan ŞADYKOWA. Wekilbazar etrap arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň lukmany, KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy.

"Maru-şahu jahan" gazeti

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.