Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

.
.

DÜMEWDEN GORANYŇ!

Güýz we gyş pasyllarynda howanyň sowamagy, ygally, aýazly günleriň agdyklyk etmegi zerarly il atarasynda sowuklama keseliniň dürli görnüşiniň ýüze çykmak ähtimallygy artýar. Çünki howanyň birden sowamagy, üstesine-de, adam bedeniniň kesele garşy durnuklylygynyň gowşak bolmagy, saglygyň aper-waýsyzlyk edilmegi sowuklama getirýär. Sowuklama, köplenç ýagdaýda, dümewlemä sebäp bolýar. Ýöne sowuklama bilen dümewiň arasynda düýpli tapawudyň hem bardygyny-da aýratyn bellemelidiris.

Dümew — ýiti wirusly ýokanç kesel. Ol kesele durnuklylygy gowşan beden synalaryna sowuklamanyň ýokanjynyň aralaşmagy zerarly döreýär. Kesel sagdyn adama näsagdan asgyranda, üsgürende, gürlände we dem alanda bölünip çykýan suwuklyk tozgasy, şeýle-de peýdalanylýan umumy gap-gaçlar, ýuwulmadyk hapa eller arkaly ýokuşyp bilýär.

Häzirkizaman lukmançylyk amalyýetinde ýokanç keselleriň aglabasynda bolşy ýaly, adamlary dümewden goramakda we keseliň köpçülikleýin ýaýramagyna garşy göreşmekde öňüni alyş sanjym çärelerine uly orun berilýär. Ýöne dümewiň görnüşleriniň juda köpdügi we ýokanjyň gurluşyny yzygiderli üýtgedýändigi öňüni alyş sanjymyny ulanmakda ep-esli kynçylyklary döredýär. Näsagyň wagtynda lukmana ýüz tutmazdan, özbaşdak bejergi almagy ýa-da lukmanyň bellän bejergisini doly alman, arasyny üzmegi dürli gaýra-üzülmelere sebäp bolup bilýär.

Dümewiň ilkinji alamatlary näsagyň özüni oňaýsyz duýmagyndan başlanýar. Ýarawsyzyň başy syzlaýar, ysgyny gaçýar, süňňi gowşaýar, burny dykylýar, bogazy gijäp, üsgülewük peýda bolýar. Şeýle ýagdaýda dessine degişli lukmanlar tarapyndan bejergi alynmasa, keseliň alamatlary barha güýjäp, näsag üşüdip, gyzdyryp, işdäsi kesilip, ýüregi bulanýar. Kellesinde, süňk bogunlarynda güýçli agyry peýda bolýar. 

Keseliň dowamlylygy, adatça ýedi güne çenli çekip bilýär. Bu döwürde näsaga ýatyp, bejergi almak maslahat berilýär. Maşgalanyň beýleki agzalaryny keselden goramak maksady bilen, näsag aýratyn otagda ýerleşdirilmeli. Onuň peýdalanýan gap-gaçlarynyň, el-ýüz süpürgijiniň we beýleki zatlarynyň aýry bolmagyny gazanmaly. Näsag bilen bir öýden girip çykýan adamlara hasadan tikilip taýýarlanylan ýa-da lukmançylyk agyz-burun örtüklerini dakmak hökmanydyr. Ýarawsyzyň bolýan otagyny ýygy-ýygydan zyýansyzlandyryjy erginler bilen syryp-süpürmek, ýelejiredip durmak zerurdyr. Näsaga suwuklyklary, ýagny, çaý, şireli gök-miwe şerbetleri içmek, ýokumlara, aýratyn hem C ýokumyna baý bolan gök önümleri we ter miweleri iýmek maslahat berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köpjiltli ensiklopediýasynda keremli topragymyzda bitýän dermanlyk ösümlikleriň keselleri bejerijilik, olaryň öňüni alyjylyk häsiýetleri barada jikme-jik gürrüň berilýär. Kitapda dümewi bejermekde we onuň öňüni almakda türkmen halk lukmançylygynda gadymy döwürlerden bäri peýdalanylyp gelinýän ot-çöpler dogrusynda-da gymmatly maglumatlar berilýär. Hususan-da, irki döwürlerden bäri üzärligiň giňden ulanylýandygy mälimdir. Üzärligiň tütedilmeginiň möwsümleýin keselleriň ýokanjyny zyýansyzlandyrýandygy ylmy esasda subut edildi.

Halkymyzda: «Azajyk derdi aş basar» diýen jaýdar pähim bar. Onda sowuklama, dümew ýaly keselleri bejermekde ajy burçy, sarymsagy ýetirilen unaşyň haýyrlydygy nygtalýar.

Dümewiň we beýleki ýokançlaryň öňüni almakda bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny yzygiderli pugtalandyrmagyň, synalaryňy taplamaklygyň, şahsy arassaçylyk düzgünlerini we howpsuz aralygy saklamaklygyň zerurdygyny unutmaly däldiris.

 

Atajan ISMEDOW, welaýat köpugurly hassahanasynyň  lukmany, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji  guramasynyň başlygy.

"Türkmen gündogary" gazeti

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.