Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

.
.

ÖŇDEBARYJYLAR SYLAGLANDY

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kaka etrap birleşmesi tarapyndan etrabyň pagtaçylarynyň arasynda höweslendiriş çäreleri möwsümiň ilkinji günlerinden bäri yzygiderli guralyp gelinýär. Ongünlük zähmet bäsleşiklerini bu babatda aýratyn agzamak bolar. Zähmet bäsleşiginiň çäklerinde öňdebaryjy ýygymçylar, kärendeçiler, kombaýnçylar we hasyly kabul ediş nokatlaryna daşamaga gatnaşýan awtoulag sürüjileri ýüze çykarylýar we höweslendirilýär.

Nobatdaky ongünlük zähmet bäsleşiginiň jemi jemlenende etrabyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatory — kombaýnçy Ýalkapberdi Işanýazow, Kakadaky Awtoulag kärhanasynyň sürüjisi Merdan Babaýew, Kaka pagta arassalaýjy kärhanasynyň sürüjisi Yklym Orazalyýew hem-de etrabyň G.Kulyýew adyndaky daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçisi Ogulbossan Babaýewa dagynyň degişli döwürde has ýokary görkezijileri gazandygy ýüze çykaryldy. Ady agzalan zähmetkeşlere bäsleşigiň ýeňijileri hökmünde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň ýörite sowgatlary gowşuryldy.

 

Akmuhammet MAGTYMGULYÝEW, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kaka etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.

 

“Ahal durmuşy” gazeti

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.