Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

.
.

«KÄMIL KANUN-MAŞGALA MUKADDESLIGI» ATLY AÝDYM-SAZLY MASLAHATY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşi, Türkmenistanyň Baş prokuraturasy, Türkmenistanyň Adalat ministrligi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde gurnamaklarynda Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda geçiren Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň ähmiýetini, maşgala mukaddesligi, zenanlara goýulýan sarpany, hereket edýän milli kanunçylygymyzyň manysyny, maksadyny giňden düşündirmek maksady bilen, «Kämil kanun-maşgala mukaddesligi» atly aýdym-sazly maslahaty geçirildi.

surat

Aýdym-sazly maslahaty Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzasy B.Babajykow alyp bardy.

Geçirilen bu aýdym-sazly maslahata Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzasy, Halk Maslahatynyň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygy D.Gulmanowa, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty J.Öwekowa, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň  başlygy A.Durdyýewa, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň müdirliginiň Hukuk üpjünçiligi bölüminiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji N.Baýramowa, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Aşgabat şäher Notarial edarasynyň döwlet maslahatçysy N.Amanowa hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň  Kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň durmuş-zähmet hukuklaryny goramak bölüminiň baş hukuk gözegçisi H.Gurbanow dagylar çykyş etdiler.

Maslahata gatnaşanlar Berkarar Watanymyzyň abraýyny Ýer ýüzünde belentden belende galdyrýan hormatly Prezidentimiziň belent başynyň aman, röwşen ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler!

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.