Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

.
.

«MILLI MANADYMYZ - YKDYSADYÝETIMIZIŇ BERK BINÝADYDYR» ATLY BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

Milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 28 ýyllygy mynasybetli, “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň 28-nji oktýabrynda ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Merkezi bankynyň bilelikde gurnamagynda “Milli manadymyz – ykdysadyýetimiziň berk binýadydyr“ atly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

surat

Şol güni säher bilen ýurdumyzyň bank ulgamynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň işewür agzalarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk mynasybetli geçirilen maslahatda ýurdumyzyň ykdysady-bank ulgamynda yhlasly zähmet çekýän tanymal zähmet adamlarynyň birnäçesi çykyş etdi. Olar öz çykyşlarynda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda kabul edilen innowasion häsiýetli, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny we “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň” konsepsiýasyny ýokary hilli amala aşyrmakda alnyp barylýan işler dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler. Uly ruhubelentlige beslenip geçirilen baýramçylyk maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň bank ulgamynyň işini kämil derejelere ýetirmekde uzak ýyllaryň dowamynda çeken zähmetleri nazara alnyp, karz edaralarynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň işewür agzalarynyň onlarçasyna Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Baýramçylyk maslahatyna gatnaşyjylar maslahatdan çykyp ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynyň eýwanynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň guran sergisine aýlanyp gördüler. Baýramçylyk mynasybetli guralan dabaranyň dowamynda ýurdumyzyň ussat aýdymçy-sazandalarynyň ýerine ýetirmeklerinde ýurdumyzyň ösüşlerini wasp edýän aýdym-sazlar belentden ýaňlandy. Ykdysadyýetimiziň berk binýady bolan Milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 28 ýyllygy mynasybetli, bilelikde guralan dabaranyň dowamynda ýurdumyzyň “Altyn asyr: Türkmenistan” teleýaýlymy tarapyndan bank ulgamynyň işgärleriniň gatnaşmagynda tegelek stoluň başyndaky söhbetli gepleşik hem ýazgy edildi. Rowaçlyga beslenip geçirilen bu baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylar döredilip berilýän şeýle giň mümkinçilikler üçin Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Begenç Baýramow, Türkmenistanyň Döwlet edaralarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.