Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BAG NAHALLARY ÝETIŞDIRILÝÄR

Ak bugdaý etrabynyň Jemagat hojalygy müdirliginiň nahalhanasynyň zähmetsöýer işgärleri ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatdaky tagallalara saldamly goşandyny goşýarlar. Olar müdirligiň 5 gektar meýdany tutýan nahalhanasynda dürli görnüşli bag nahallaryny ýetişdirýärler.

Geçen ýyllarda nahalhanada ýetişdirilen saýaly, pürli baglar etrabyň çäginde, bellenilen ýerlerde oturdylyp, bu gün daş-töwerege özboluşly bezeg goşýar.

Nahalhanada ýetişdirilen üzüm, erik nahallarynyň, şeýle-de leýlisaçdyr çynaryň hem ýüzlerçe düýbi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýazky bag ekmek möwsüminde etrabyň çäginde oturdyldy. Mundan başga-da, nahalhanada ýetişdirilen pürli we saýaly baglaryň köp sanlysy Änew şäherinde, Bereketli zaman şäherçesinde hem-de oba ýerlerinde oturdylyp, yzygiderli ideg edilip gelinýär.

Nahalhananyň agzybir işgärleri güýzki bag ekmek möwsümine hem taýýarlykly geldiler. Olaryň möwsüm üçin ýetişdiren pürli bag nahallary, şol sanda arçanyň nahallary etrapda geçiriljek bag ekmek dabarasynda ýörite taýýarlanan ýerlerde oturdylar. Munuň özi alkyş eýeleri bolan bagbanlaryň sogaply işe özboluşly goşandy bolar.

 

Maýsa ABDULLAÝEWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ak bugdaý etrap birleşmesiniň işgäri.

“Ahal durmuşy” gazeti

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.