Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

DÖWREBAP ÝOLLARYŇ ÝALKYMY

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda dürli maksatly desgalar bilen bir hatarda, ýol gurluşygyna uly üns gönükdirilýär. Halkara ähmiýetli demir ýollaryň, awtomobil ýollaryň, şol sanda köp zolakly halkalaýyn ýollardyr köprüleriň gurulmagy bu ugurda buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr.

Häzirki wagtda ak mermere beslenen paýtagtymyzyň ýol-ulag düzüminiň sazlaşykly ösdürilmegine, baş şäherimizde köpugurly köprüleriň, ýerasty we ýerüsti geçelgeleriň, şeýle-de Aşgabatdan ýurdumyzyň sebitlerine tarap uzap gidýän ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň gurluşygyna aýratyn ähmiýetiň berilmegi diýseň begendirýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň häzirki şatlykly günlerinde Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň welaýatymyzyň çäginden geçýän Aşgabat — Tejen böleginiň toý ruhunda açylmagy her birimiz üçin ýatdan çykmajak taryhy waka öwrüldi.

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluny gurmak başlangyjy hormatly Prezidentimize degişlidir. Bu döwrebap ýoluň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda dabaraly ýagdaýda badalga berildi. Onuň gurluşygyna badalga bermek hem-de ýoluň ilkinji tapgyrynyň açylyş dabaralaryna şaýat bolmak biz üçin juda ýakymly boldy. Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň açylyp, işe girizilmegi, hakykatdan-da, ajaýyp wakadyr. Bu dabara hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy şatlygymyza şatlyk goşdy.

Uzynlygy 600 kilometre barabar bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň ugrunda elektron töleg terminallarynyň, wideogözegçilik enjamlarynyň, tizlik ölçeýjileriň, aragatnaşyk nokatlarynyň, Gün batareýaly yşyklandyryş sütünleriniň ornaşdyrylmagy, köprüleriň, ýerasty we ýolüsti geçelgeleriň, ýangyç guýujy beketleriň, şeýle-de söwda we hyzmat ediş beýleki desgalaryň gurulmagy sürüjilerdir ýolagçylara giň mümkinçilikleri döredýär. Täze, döwrebap awtomobil ýolunyň işe girizilmegi mynasybetli geçirilen dabarada ol ýerdäki şeýle ajaýyp mümkinçilikler bilen ýakyndan tanyşmak miýesser etdi.

Beýik Ýüpek ýoluny täzeçe röwüşde dikeltmekde, halklaryň we ýurtlaryň arasyndaky dostana gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde bu ýoluň ähmiýetiniň diýseň uly boljakdygy has-da guwandyrýar. Täze taryhy döwürde şeýle iri taslamany üstünlikli amala aşyrmak ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin hormatly Prezidentimize alkyşymyzyň çägi ýokdur.

 

Hanmuhammet AMANGULYÝEW, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji.

“Ahal durmuşy” gazeti

 

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.