Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

SAG­DYN BE­DEN­DE — SAGDYN RUH

Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçe Geňeşliginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ýörite meýilnama esasynda geçen duşuşygy Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komiteti, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komiteti, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi hem-de etrap hassahanasy bilelikde gurady. Oňa şäherçäniň ýaşaýjylary hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdy.

Duşuşykda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, abadançylygyny üpjün etmek, milli lukmançylygy täze belentliklere çykarmak, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini we derejesini ýokarlandyrmak hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini jemgyýetimize berk ornaşdyrmak babatynda alnyp barylýan işleriň ähmiýeti bellenildi. Çykyş edenler howanyň häzirki sowaýan günlerinde bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmakda berjaý edilmeli düzgündir kadalar barada durup geçmek bilen, pasla görä geýinmegiň, witaminlere baý miweler, gök-bakja önümleri bilen iýmitlenmegiň, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegiň möhümdigini nygtadylar.

— Möwsümleýin kesellerden goranmakda agyz-burun örtüklerini ulanmagyň, degişli howpsuz araçägi saklamagyň, şahsy-jemgyýetçilik arassaçylyk kadalaryny berjaý etmegiň uly ähmiýeti bardyr — diýip, duşuşykda çykyş edenler aýtdylar hem-de oňa gatnaşyjylara degerli maslahatlaryny berdiler.

 

Maýa BÄŞIMOWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ak bugdaý etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.

“Ahal durmuşy” gazeti

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.