Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI

Magtymguly etrabyndaky 14-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň bilelikde guramaklarynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa mugallymlar we mekdep okuwçylary gatnaşdylar.

«Sagdyn jemgyýetde sagdyn nesilleriň kemala gelmegi» ady bilen geçirilen wagyz-nesihat çäresinde sagdyn durmuş ýörelgeleri barada gürrüň edildi. Eziz Diýarymyzda ynsan saglygynyň ähli zatdan ýokarda goýulýandygy, halkymyzyň, aýratynam ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygyny goramak we berkitmek ugrunda möhüm işleriň alnyp barylýandygy, hormatly Prezidentimiziň bedenterbiýäni we sporty ösdürmek bilen bagly tutumly işleriniň berk bedenli, sagdyn ruhly nesilleriň kemala gelmegine giň ýol açýandygy barada durlup geçildi. Watanymyzyň has-da gülläp ösmegi, ýaş nesliň milli ruhda terbiýelenmegi, olaryň zyýanly endiklerden daşda bolup, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeklerini gazanmak ugrunda ähli şert-mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyldy.

 

Serdar Myra­dow, TMÝG-niň Magtymguly etrap geňeşiniň başlygy.

“Balkan” gazeti

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.