Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

MILLI ÝÖRELGELERIMIZI HORMATLAMAK — BORJUMYZ

Welaýat häkimliginiň garamagyndaky 1-nji başlangyç hünär okuw mekdebiniň işgärleriniň we talyplarynyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Onda welaýat Polisiýa müdirliginiň 4-nji bölüminiň uly gözegçileri Selbi Saparnazarowa, Tawus Ýagmyrowa, döwlet edaralary işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy Bibigül Amanowa, welaýat prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisi Bilbil Saparowa dagy çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda gözel Diýarymyzda adam hakynda edilýän aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi hakynda nygtadylar. Şeýle hem raýatlaryň hukuklarynyň goraglylygy, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda hukuk döwletiniň berkarar edilýändigi hakynda buýsanç bilen aýtdylar. Ýaşlaryň terbiýesi, ahlak arassalygy we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyz edilmeginiň zerurlygy hakynda çuň mazmunly çykyşlar diňlenildi. Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän, ata Watanymyzyň şan-şöhratyny belende göterýän hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

 

Merjen ANNABAÝEWA, welaýat häkimliginiň garamagyndaky 1-nji başlangyç hünär okuw mekdebiniň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy.

“Daşoguz habarlary”  gazeti

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.