Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

DÜÝE MALY DOGRUSYNDA

Ýatkeş. Düýe maly endik eden ýolunda gije hem, gündiz hem azaşmaýar.

Düýe düşbi, akylly, duýgur.

Ol agyr ýük götermäge ukyply we çydamly bolýar. Uzak ýollary geçip bilýär.

Sowuga, yssa çydamly. Düýe suw ýok halatynda 10 günläp suwsuz gezip bilýär.

Erkek düýe gazaplansa, howsala düşse agzy köpürjikläp, häsiýeti ýaramazlaşýar, sürini, meýdany taşlap gidýär, suwdan, otdan boýun towlaýar. Bu halatda düýe öz

ýanyna hiç bir adamy golaýlatmaýar.

Düýe sabyrly we gabanjaň maldyr.

Ol bulanyk suw içmegi halaýar. Ol hemişe akar suwy aýaklary bilen bulandyryp içýär. Bir düýe 15 minutda 200 litr suw içip bilýär. Düýe Gün şöhlesini gowy görýär. Şonuň üçin hemişe Güne tarap ýöreýär.

Eger bir iner baş bermezek bolup, diýen etmese, ony başga bir ineriň ýanynda duşaklap goýýarlar. Şeýdilse, ol iner ýumşaýar we ýuwaşaýar.

Düýäniň burun deşikleri öwrüm-öwrümdir we köp gyllydyr. Şeýlelik bilen onuň burnuna gum (tozan) girmeýär we burnuň üsti bilen daşaryk çykarylýan howanyň (demiň) 66 göterim çygy  (suwy) bedende galýar we ganyň, gözleriň we beýniň salkynladylmagynda ulanylýar.

Düýäniň aşgazany 3 sany uly bölümden durýar. Olaryň her birinde ýene-de ençeme bölüm bar. Eger düýe uzak wagtlap açlyk çekse, bu bölümlere ozaldan ýygnanan iýmit gorlaryny we suwy peýdalanýar.

Uly ýaşly düýeler suwuň nirededigini 10 kilometr uzaklykdan duýýarlar.

Düýäniň gözleri we gulaklary kiçidir, uly-uly gyllar bilen üstleri örtülendir. Bu jandar çöl-beýewanlarda otlap-suwlansoň, bu gyllar olaryň gözlerini

we gulaklaryny gumly tozanlardan gorap saklaýar.

Düýäniň ýokarky dodagynyň ortasy ýirikdir. Şeýlelikde, düýe gazaply çölleriň çydamly «bägülleri» bolan ýandaklary ap-aňsat çeýneýär we gäwüş gaýtaryp çykarýan täsin suwuklygy bilen eredip, ýeňi  siňdirýär.

Düýe çöküne düşen wagty garnynyň aşagynyň gyzgyn çägä ýanmazlygy üçin dyzlaryndaky, tirseklerindäki, döşündäki galyň, ýasy ýerlerini ýere goýýar. Ýerinden turmakçy bolan wagty bolsa uzyn boýnuny ulanyp, arkasy agyr ýükli bolsa-da, uly göwresini aňsatlyk bilen ýerden galdyryp bilýär.

Düýeler hiç zat iýmän, bir aý oňňut edip bilýärler.

ABŞ-nyň käbir ştatlarynda düýe bilen bagly gadaganlyklar-da bar. Aýdoha ştatynda düýäniň üstünde oturyp balyk tutmak gadagan. Newada ştatynda köçede düýeli gezmek gadagan.

 

Metbugat materiallary esasynda taýýarlan Amanmyrat ÝAMADOW. Wekilbazar etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň geografiýa mugallymy, KA-nyň işjeň agzasy.

“Maru-şahu jahan” gazeti.

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.