Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

HALKYŇ HAZYNASYNDAN

GÖBEGI GÖMÜLEN ÝALY

Öňki döwürlerde gyz bäbegiň kesilen göbegini öýüň içine, şatärimiň düýbüne gömer ekenler. Şeýdip gyz çaga öýme-öý gezip, köçeme-köçe syryp ýören gybatkeş, gepçi bolmasyn, öýdeçi bolup, biş-düş, tikin-çatyn, haly-palas öwrense, barmagy hünärli, eli süýji, gylygy ýagşy bolup ýetişer diýip yrym edýär ekenler.

“Gyz gylygy bilen söýüler, ogul edebi bilen”, “Gybatkeşiň baran ýeri ot bolar” diýýän enelerimizden, megerem, şu aýtgy galan bolsa gerek.

 

GALPAK — GOWŞUTDA

Çaganyň ilkinji galpagyny daýysy syrýar. Oglanjygyň kellesi ýa şyrtakyr, ýa-da maňlaýy alyn saçlyja bolýar. Gyz çaganyň kellesini bolsa maňlaýynda alyn saç, iki gulpak, çokul goýup, syrar ekenler.

Ilkinji galpakdan bir çogdamy daşyna alaja oralyp, daňylyp (gyza gyzyl-ala, oglana gara-ala), başdarak ýaly ýörite bukjada gara öýüň ugy bilen täriminiň birleşýän ýerinde — gowşutda asylyp goýulýar eken. Galan saçlar aýak basmajak ýerde üç-dört depik çuňlukda ýere gömülýär. Eger saç dagap ýatsa, ony-da guş alaýsa, çaga garaguşagyryly, kakynly bolar diýilýän eken. Gowşutdaky galpak bolsa “Çagaň başy belent bolsun, jany sag, başy dik bolsun” diýlip, beýik ýerde goýuldygy eken.

 

DIŞ— TOÝNAK YZDA

Çaganyň ilkinji süýt dişleri düşende, ony guzynyň ýa taýçanagyň aýak yzyna gömýärler. Bu yrym çaganyň indiki çykjak dişi guzynyňky ýaly seteran, owadan, taýçanagyňky ýaly ýitije, sagdyn bolsun diýlip edilýär eken. Şeýle-de, goýun ýaly sabyrly, köpelip köl bolsun, at ýaly agyzly-abraýly bolsun diýlip dileg edilýär ekeni.

Garagumly çopanyň bu aýtgylary ýaly aýtgylar, yrymlar 1976-njy ýylda çykan «Türkmen diliniň frazeologik sözlügi” kitabynda hem agzalyp geçilýär eken.

 

Ogultäç JUMADURDYÝEWA. Baýramaly etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň mugallymy, KA-nyň işjeň agzasy.

“Maru-şahu jahan” gazeti.

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.