Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÝYLLYK MEÝILNAMA BERJAÝ EDILDI

Hawa, biziň müdirligimiziň agzybir we başarjaň işgärleri tebigy gaz öndürmek baradaky ýyllyk meýilnamany möhletinden ep-esli öň üstünlikli berjaý etdiler. Şonda gazylyp alnan «mawy ýangyç» 10 milliard 212,7 million kub metrden hem gowrak boldy. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 145 göterime golaý ösüş depgininiň gazanylandygyndan habar berýär.

Şeýle guwandyryjy netijeler guýularyň önüm berijiligini artdyrmak, işlemän duran guýulary abatlamak arkaly gaýtadan işe girizmek, işgärleri yhlasly we ýokary netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrmak arkaly gazanyldy. Şu ýerde hormatly Prezidentimiziň pudagy ileri tutup ösdürmäge, onuň önümçilik-tehniki binýadyny pugtalandyrmaga, kärhanalary döwrebap enjamlaşdyrmaga çynlakaý üns berýändigini guwanç bilen belläsim gelýär. Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda «Malaý» ýatagynda gurlan kuwwatly gaz gysyjy desga barada aýratyn durup geçmek ýerlikli bolar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň başynda ýyllyk geçirijilik kuwwatlylygy 30 milliard kub metr tebigy gaza barabar bolan häzirkizaman desgasynyň işine ak pata berdi. Şol buýsançly günlerde bolup geçen taryhy wakalara gatnaşmak bagty maňa-da miýesser edipdi. Şondan bäri geçen döwürde desgada işler öňe ilerleýär — tebigy gazyň öndürilişi aýma-aý artýar. Munuň özi bolsa hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen gurlan Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň harytlyk önüm bilen ygtybarly üpjün edilmegini şertlendirýär.

Müdirligimizde dürli hünärli işgärleriň 2,5 müňden gowragy egin-egne berip, joşgunly zähmet çekýär. Olary ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşlerine saldamly goşant goşmaga höweslendirmek işine ýakyndan gatnaşýarys. Guramamyzyň agzalary çekýän ýokary netijeli zähmetleri üçin döwlet sylaglaryna hem mynasyp bolýarlar. Golaýda Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda müdirligimiziň Guýulary düýpli we ýerasty bejeriji böleginiň burawlaýjysy Aşyrnepes Ballyýew «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen, Gazy çykarmak we ugratmak boýunça Kükürtli liniýa önümçilik böleginiň operatory Meretglyç Annaklyçew, Gazy çykarmak we ugratmak boýunça Naýyp liniýa önümçilik böleginiň Önümçilik dispetçer gullugynyň maşinisti Nurýagdy Jumaýew, ulaglar kärhanasynyň sürüjisi Hudaýberdi Begow bolsa Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medal bilen sylaglanyldylar. Ak ýürekden, halal zähmet çekýän bu işgärlerimiziň gatnaşmaklarynda geçirilen duşuşyklarda Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy bedew batly ösdürmek, ilatyň ýaşaýşynyň täze hil derejesini gazanmak ugrunda bimöçber alada edýändigi, şonuň netijesinde nebitgaz toplumynyň ösüşleriň täze belentliklerini ynamly eýeleýändigi hakynda buýsanç bilen gürrüň edildi. Çykyş edenler yhlasly zähmet çekseň, gadyryň bilinýän ýurtda ýaşaýandyklaryny, eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine tutanýerli işlemek, abadan durmuşda ýaşamak üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini nygtadylar. Baýlyk çykaryjylarymyzyň ruhubelentligi, röwşen geljege pugta ynanýandyklary we has-da netijeli zähmet çekmek hyjuwy bilen joşýandyklary bolsa ýeneki üstünliklere berk ynam döredýär.

 

Serdar KURBANKULYÝEW, «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

“Türkmen Gündogary” gazeti

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.