Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

NUSGALYK GÖRELDÄNI WAGYZ EDIP

Eziz Diýarymyzda ilatyň abadançylykda ýaşamagy, her bir adamyň özüniň zehinini, ukyp-başarnygyny has doly açyp görkezmegi üçin zerur şertler döredilýär. Şeýle il bähbitli işler hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ajaýyp ýörelgesinden gözbaş alýar. Abadançylykda, eşretli durmuşda ýaşamak üçin her bir ynsanyň öz sag lygyny goramagy, beden we ruhy taýdan sagdyn bolmak ugrunda yzygiderli alada etmegi hem gerek. Bu meseläniň dünýäde howply ýokançlaryň ýüze çykmagy bilen bagly lykda ähmiýeti has artýar. Biz gündelik işimizde guramamyzyň agzalaryny sagdyn durmuş ýörelgesine eýermäge, sport bilen meşgullanmaga çagyrýarys. Geçirilýän çärelere ýaşlary hem giňden çekýäris. Ýakynda etrap bilim bölüminde, orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň birnäçesinde «Ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgesine ugrukdyralyň!» ady bilen wagyz-ündew çäreleri ni geçirdik. Olarda milli Liderimiziň baştutanlygynda işlenilip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde al nyp barylýan işler, ýurdumyzda raýatlary, ilkinji nobatda bol sa ýaşlary giňden çekmek üçin sport-sagaldyş merkezleriniň hereket edýändigi, ilatyň arasynda köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň ösdürilýändigi barada giňden durlup geçildi. Işjeň durmuş ýörelgesi ynsanyň ruhuny beýgeldýär, bedeniň dürli kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar. Geçirýän çärelerimizde lukmanlaryň hem çykyş etmekleri wa gyz-ündewleriň has täsirli bolmagyna ýardam edýär. Ildeşlerimiziň baş baýlygymyz bolan saglygy goramaga çynlakaý üns berýändikleri, hormatly Prezidentimiziň sport bilen meşgullanmakda görkezýän nusgalyk göreldesine işjeň eýerýän dikleri guwandyrýar.

 

Gülendam JUMABAÝEWA, Türkmenistanyň Ylym-bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Darganata etrap geňeşiniň gaznaçy-hasapçysy.

“Türkmen Gündogary” gazeti

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.