Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

.
.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SÖWDA TOPLUMYNY ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA MASLAHAT GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň söwda toplumyndaky işleriň ýagdaýyna hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ç.Gylyjow, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanymyz maslahaty açyp, söwda toplumynyň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biridigini nygtady. Halkymyzyň abadançylygyny we azyk bolçulygyny üpjün etmek köp babatda bu ulgamyň üstünliklerine baglydyr.

Döwletimiz söwda, dokma pudagyny hem-de telekeçiligi ösdürmäge köp möçberlerde maýa goýumlaryny goýýar. Muňa garamazdan, heniz bu ugurda ulanylmaýan mümkinçilikler örän köp diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynda ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowa söz berdi. Wise-premýer söwda toplumynda şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüşi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 118,8 göterime barabar boldy, öndürilen önümleriň ösüşi 118,2 göterim ýerine ýetirildi.

Dokma senagaty ministrligi boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 120,8 göterime, nah matalaryň öndürilişi 105,3 göterime, tikin we örme önümleriniň önümçiligi 117,6 göterime, gön önümleriniň öndürilişi 105,6 göterime barabar boldy.

«Türkmenhaly» döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 110,9 göterim berjaý edildi.

Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça ýanwar — oktýabr aýlarynda 248 birža söwdasy geçirilip, 26 müň 341 şertnama hasaba alyndy.

Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 105,5 göterime deň boldy. Hasabat döwründe 8 sergi we 37 maslahat geçirildi.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça ýanwar — oktýabr aýlarynda senagat önümlerini öndürmegiň ösüşi 134,6 göterime, oba hojalyk we azyk önümleri boýunça ösüş 119,5 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, amala aşyrylmaly işler boýunça birnäçe tabşyryklary berip, söwda ulgamynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň ýurdumyzda öndürilýän önümleriň ýeterlik möçberinden artyk bölegini eksporta ibermekden, bazarlaryň işinde sazlaşyklylygyň üpjün edilmegini gazanmakdan, ilatyň azyk önümleri bilen üpjünçiligini has-da pugtalandyrmakdan ybaratdygyny belledi. Şu işlerde halkyň hal-ýagdaýy we abadançylygy ykdysady bähbitden ileri tutulmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz sanly ulgamy ornaşdyrmak baradaky meselä ünsi çekip, iş dolandyryş babatda täze, döwrebap usullary kesgitlemegi hem-de şol usullary önümçilige giňden ornaşdyrmagy, marketing-menejment işini kämilleşdirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Dokma senagaty ministrligi tarapyndan öndürilýän önümleriň we harytlaryň möçberlerini artdyrmak zerurdyr. Milli Liderimiz dokma kärhanalarynyň çig mal bilen özümizde doly üpjün edilip, önümleriň taýýar önüm görnüşde çykarylýandygyna ünsi çekip, bu ugurda önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetini pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz dokma önümleriniň görnüşlerini giňeltmek hem-de şol önümleriň halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak barada görkezme berdi.

Soňra söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri O.Gurbannazarow şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ministrlik tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe ministrligiň garamagyndaky kärhanalar tarapyndan öndürilen önümleriň ösüş depgini 118,2 göterime barabar boldy.

Şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ministrligiň kärhanalar boýunça alan girdejileriniň ösüş depgini 138,3 göterime deň boldy. Hasabat döwründe gazanylan peýdanyň ösüş depgini 133,2 göterime barabar boldy.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli amala aşyrmak üçin beýleki pudaklar bilen bir hatarda, söwda ulgamynda hem degişli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Hususan-da, ministrligiň garamagyndaky söwda kärhanalary tarapyndan ýurdumyzyň bazarlaryny we dükanlaryny azyk harytlary bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Şeýle hem ministrlige degişli bolan we hususy taraplaryň sowadyjy ammarlarynda ýerli miweleri we beýleki oba hojalyk önümlerini saklamak işleri alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň bazarlaryny bolelin üpjün etmek üçin zerur azyk harytlarynyň esasy görnüşleriniň ýeterlik möçberdäki sarp ediş goruny döretmek boýunça hem degişli işler geçirilýär.

Milli Liderimiziň döwlet emlägini hususylaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri çaltlandyrmak babatda ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, eýeçiligi döwletiň garamagyndan aýyrmak we döwlet emlägini hususylaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, durmuş özgertmelerini üstünlikli amala aşyrmak hem-de bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçmek bilen baglylykda, söwda toplumynyň öňünde durýan wezipeleriň möhümdigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz ministre söwda ulgamynyň işini kämilleşdirmek, daşary söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, daşary ýurtly işewür hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek, importyň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini ösdürmek, ilata hyzmat etmegiň medeniýetini ýokarlandyrmak babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra dokma senagaty ministri R.Rejebowa söz berildi. Ol 2021-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berip, dokma pudagynyň durnukly ösmegi üçin milli Liderimiziň tagallalary bilen, ähli şertleriň we mümkinçilikleriň döredilendigini aýtdy.

Şolaryň netijesinde agzalan döwürde ministrligiň kärhanalary tarapyndan, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önüm öndürilişiniň ösüş depgini 126,9 göterim üpjün edildi. Önümçilik meýilnamasy 165,8 göterim ýerine ýetirildi.

Önümleri ýerlemekden alnan girdejileriň ösüş depgini 133,3 göterim berjaý edildi.

Içerki bazara ýerlenen önümleriň möçberiniň geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, ösüş depgininiň 125,7 göterim üpjün edilendigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pudagy mundan beýläk-de ösdürmegi, maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegi esasy wezipeleriň hatarynda görkezip, ministre olary üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Ýurdumyzda öndürilýän dokma önümleriniň halkara hil ölçeglerine we ekologiýa howpsuzlygyna kybap gelmegine aýratyn üns bermek zerurdyr. Dokma önümlerini daşary ýurt bazarlarynda has işjeň ilerletmek üçin degişli mahabat-maglumat goldawy zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we degişli görkezmeleri berdi.

Soňra Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy B.Çaryýew durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalarynyň çäginde ýurdumyzyň eksportyny diwersifikasiýa ýoly bilen artdyrmak, daşary söwdanyň gerimini giňeltmek boýunça giň möçberli işleriň amala aşyrylýandygy barada hasabat berdi.

Şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda 248 sany birža söwdasy amala aşyrylyp, olarda 2082 geleşik baglaşyldy.

Hasabat döwründe hasaba alnan eksport-import şertnamalarynyň umumy bahasy 23 milliard 372 million manada deň bolup, olardan eksport şertnamalary amallaryň 23,8 göterimini, import şertnamalary amallaryň 76,2 göterimini düzýär.

Milli Liderimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, biržada elektron resminama dolanyşygy ornaşdyryldy. Elektron resminama dolanyşygynyň, şertnamalary bellige almagyň, birža söwdalaryny sanly ulgam arkaly geçirmek üçin ulgamy tehniki taýdan işläp taýýarlamak we işe girizmek maksady bilen halkara bäsleşik yglan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edara hökmünde Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz biržanyň Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň görkezijisi, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň önümlerine bolan islegi aýdyň görkezýän maglumatlaryň kuwwatly çeşmesi bolup hyzmat edýändigini aýdyp, birža söwdalaryny has-da ösdürmek hem-de olaryň gerimini giňeltmek boýunça birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz türkmen eksport harytlary üçin durnukly nyrhy emele getirmegiň usullaryny döretmegiň esasy wezipedigine ünsi çekdi. Munuň özi girdejileriň artmagyna hem-de halkara bazarlarda döwletimiziň ornuny pugtalandyrmaga ýardam eder.

Iş maslahaty “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň başlygy O.Işangulyýewanyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol birleşik boýunça 2021-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berip, amala aşyrylan işleriň netijesi boýunça harytlyk önümi öndürmegiň önümçilik meýilnamasynyň 135,1 göterim berjaý edilendigini habar berdi. Şu döwürde alnan girdejiniň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 142,8 göterime deň boldy.

Şeýle hem hasabatyň çäklerinde birleşigiň kärhanalary tarapyndan edara-kärhanalaryň, telekeçileriň we raýatlaryň hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň sargytlary esasynda önümleriň öndürilendigi barada habar berildi.

Ýerlenýän önümleriň möçberini hem-de täze bazarlary we ýerlemegiň usullaryny tapmak arkaly gelip gowuşýan maliýe serişdelerini artdyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygy aýdyldy. Şeýle hem haly we haly önümleriniň elektron söwdasyny guramak hem-de halyny sargyt etmekde, taýýarlamakda we ýerlemekde sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gadymdan gelýän halyçylyk sungatymyzyň milliligini we nepisligini saklap galmak bilen, öndürilýän haly önümleriniň görnüşlerini köpeltmek boýunça işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Soňra Söwda-senagat edarasynyň başlygy D.Rejebow şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda edara tarapyndan ýerine ýetirilen işler hem-de ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri Türkmenistanda we daşary ýurtlarda guralýan sergilerde, işewürler maslahatlarynda giňden ýaýmak, işewür hyzmatdaşlygy ösdürmekde, önüm öndürijileriň eksportyny artdyrmakda ýardam bermek boýunça döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 105,5 göterime deň boldy. Gazanylan peýdanyň ösüş depgini 114,5 göterime barabardyr.

2021-nji ýylyň 10 aýynda Söwda-senagat edarasy tarapyndan jemi 8 sergi geçirildi. Şeýle hem hasabat döwründe sanly ulgam arkaly işewür maslahatlarynyň, “tegelek stolyň” başyndaky duşuşyklaryň 37-si geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini hem-de ýeten belent sepgitlerini dünýä ýaýmakda, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesini öwrenmekde Söwda-senagat edarasynyň işiniň uly ähmiýete eýedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän giň gerimli sergileriň we beýleki halkara ähmiýetli çäreleriň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň wajypdygyny belläp, bu babatda Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Soňra iş maslahatynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň başlygy D.Hudaýberdiýew hasabat bilen çykyş edip, ýurdumyzda azyk we haryt bolçulygyny döretmekde, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmekde, eksporta niýetlenen önümleriň mukdaryny we görnüşini artdyrmakda hem-de täze iş orunlaryny döretmekde birnäçe işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Şu ýylyň dowamynda hususyýetçiler tarapyndan 9 müň 162 gektar meýdanda gök-bakja ekinlerini ekmek we ondan 174 müň 407,5 tonna hasyl almak, 13 müň 246 gektar meýdanda 70 müň 523 tonna miwe we üzüm ýetişdirmek işleri meýilleşdirildi. Mundan başga-da, 1 300 gektar meýdanda 5 110 tonna ýag alynýan ösümlikleri, 11 159 gektar meýdanda 51 müň 526,5 tonna mekgejöwen, 13 müň 930 gektarda 15 müň 846 tonna azyklyk dänäni ösdürip ýetişdirmek bellenilip, bu ugurda degişli işler geçirildi.

Şeýle hem häzirki döwürde birleşmäniň agzalaryna degişli umumy meýdany 530,54 gektara deň bolan ýyladyşhanalaryň 500 gektarynda 2021-2022-nji ýyllaryň ekiş möwsüminde pomidor ekilip, 85 müň tonna hasyla garaşylýandygy habar berildi. Ýetişdiriljek hasylyň köp bölegini eksporta ugratmak göz öňünde tutulýar.

Hasabatyň dowamynda hususyýetçiler tarapyndan sowadyjy ammarlaryň onlarçasynyň gurlandygy, häzirki döwürde şolarda gök-bakja, miwe önümleriniň gorlarynyň döredilýändigi bellenildi. Şeýle hem telekeçilere döwlet tarapyndan döredilýän mümkinçilikleriň netijesinde, ýurdumyzda täze önümçilikleriň geriminiň giňelýändigi habar berildi. Şoňa görä-de, täze önümleriň sany we görnüşleri barha artýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda hususy işewürlik ulgamynyň pugta binýadynyň döredilendiginden peýdalanyp, halkymyzy özümizde öndürilýän dürli görnüşli önümler bilen ýeterlik mukdarda üpjün etmegi dowam etmegiň zerurdygyny belledi hem-de bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, olaryň öňünde birnäçe anyk wezipeleri goýdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowa ýüzlenip, daşarky söwdanyň seljermesiniň, umuman, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, eksportyň 23 göterim artandygyny görkezýändigini belledi.

Biziň önümlerimiziň eksporty ýangyç-energiýa serişdeleri hasaba alynmanda, 48 göterime golaý artdy. Bu erbet görkeziji däl diýip, milli Liderimiz belledi hem-de wise-premýer E.Orazgeldiýew bilen bilelikde bu ugurda entek köp işleriň amala aşyrylmalydygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere gurluşyk we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça kiçi, orta we iri işewürlik kärhanalaryny döretmegiň maksatnamalarynyň amala aşyrylyşyny çaltlandyrmagy, özümizde öndürip biljek önümlerimizi daşardan getirmegi bes etmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz bu çäreleriň, ilkinji nobatda, täze iş orunlaryny döretmäge, kärhanalaryň we raýatlaryň iş üpjünçiligini öňki derejesinde saklamaga gönükdirilmelidigini aýtdy.

Milli Liderimiz wise-premýer Ç.Gylyjowa hem-de söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri O.Gurbannazarowa ýüzlenip, ýurdumyzda giňden bellenýän Halkara Bitaraplyk gününiň hem-de Täze ýyl baýramynyň ýetip gelýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz halkyň sarp edýän harytlaryna bolan islegleriň has-da artýandygyny göz öňünde tutup, içerki bazaryň üpjünçiligine, baýramçylyk söwdalaryna şu günlerden taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz hususy haryt öndürijileriň azyk önümlerini gündelik söwdada elýeterli bahalardan ilata ýetirmegiň wajypdygyny aýdyp, şu maksat bilen, söwda kärhanalarynyň öndüriji kärhanalar bilen netijeli hyzmatdaşlygyny ýola goýmagyň möhümdigini nygtady.

Milli Liderimiz wise-premýer Ç.Gylyjowa we dokma senagaty ministri R.Rejebowa ýüzlenip, Babadaýhan etrabynda gurlan dokma toplumyny bellenen möhletinde ulanmaga bermek, düzümleýin desganyň açylyş dabarasynyň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek bilen bagly birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz dokma kärhanalarynda önümleriň täze görnüşlerini köpräk öndürmegiň, olaryň eksport edilýän möçberlerini artdyrmagyň we ugurlaryny giňeltmegiň wajypdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işine ünsi çekip, dünýä bazarlarynda harytlaryň bahalarynyň yzygiderli üýtgeýändigini belledi we şoňa görä-de, daşary ýurt biržalarynda harytlaryň birža bahalaryna gündelik gözegçilik etmegi ýola goýmagyň wajypdygyny nygtady.

Milli Liderimiz ýurdumyzda öndürilýän harytlary birža söwdalarynda bäsleşik esasynda amatly ýerlemegiň, munuň üçin dünýä bazarynyň bahalaryna geçirilýän synlary we seljermeleri satyjy bolup çykyş edýän taraplara hem yzygiderli ýetirip durmagyň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýer Ç.Gylyjowa we Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy B.Çaryýewe bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowa we «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň başlygy O.Işangulyýewa dokalýan halylaryň we haly önümleriniň hilini berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer Ç.Gylyjowa hem-de Söwda-senagat edarasynyň başlygy D.Rejepowa ýurdumyzyň hususy eksport edijilerine daşary ýurt alyjylaryny tapmaga, olar bilen uzak möhletli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam bermek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň noýabr aýynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň işewürleriniň maslahatyny geçirmegiň göz öňünde tutulýandygyny aýdyp, Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysyna ony ýokary derejede guramaçylykly geçirmek boýunça edaranyň öňünde durýan wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer Ç.Gylyjowa hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň başlygy D.Hudaýberdiýewe birnäçe anyk görkezmeleri berip, hususy taraplaryň maýa goýum taslamalaryny işjeň durmuşa geçirmek arkaly, oba hojalyk, azyk we senagat ugurly önümçilikleri giň gerim bilen döretmegiň wajypdygyny nygtady.

Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz hususy telekeçilere innowasiýalary ornaşdyrmakda, önümleriň täze görnüşlerini özleşdirmekde goldaw bermegiň, olara öz önümlerini içerki we daşarky bazarlarda ýerlemekde, ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda ýardam bermegiň wajypdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowa ýubileý ýylynda ulanmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilen desgalaryň öz wagtynda, ýokary hilli gurlup, açylyşa taýýar edilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz içerki bazarlaryň üpjünçiligini artdyrmak we söwda ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek babatda amala aşyrylýan işleri hemişe gözegçilikde saklamagy talap etdi.

Milli Liderimiz hususy telekeçilere ýokary tehnologiýalary, innowasiýalary ornaşdyrmakda, täze önümçilikleri döretmekde, olaryň daşary ýurt bazarlarynda tutýan orunlaryny pugtalandyrmakda we giňeltmekde döwlet tarapyndan mundan beýläk-de goldaw beriljekdigini nygtap, wise-premýere bu ugurda degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow gyş möwsüminiň hem golaýlap gelýändigini aýdyp, ýurdumyzyň bazarlarynyň we dükanlarynyň, aýratyn-da, baýramçylyk günlerinde dürli önümler bilen bolelin üpjün edilmegini hemişe gözegçilikde saklamagy, şonuň bilen birlikde, bahalaryň ýokarlanmagyna ýol berilmeli däldigini nygtap, wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

Maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Söwda-senagat edarasynyň başlygy, Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň başlygy D.Rejepowa käýinç yglan etdi.

Şeýle hem milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowy Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa birinji Ykdysady forumyna gatnaşmak üçin, Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherine gulluk iş saparyna ibermek baradaky Buýruga gol çekdi hem-de ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

https://tdh.gov.tm/tk/post/29254/turkmenistanyn-prezidenti-sowda-toplumyny-osdurmek-boyunca-maslahat-gecirdi-2

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.