Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

TEBIGATA SÖÝGI — WATANA SÖÝGI

Ýurdumyzyň ýokary we orta okuw mekdeplerinde ýaşlara ekologiýa terbiýesini bermekde, olaryň tebigata bolan garaýyşlaryny kämilleşdirmekde möhüm ädimler ädilýär. Muňa biziň institutymyzda şu ugurda guralýan sapaklaryň, medeni-köpçülik çäreleriniň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Institutymyzyň mugallymlary, talyplary Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda ýurdumyzda geçirilýän bag ekmek möwsümlerine işjeň gatnaşýarlar. Şonda her ýylyň bahar we güýz aýlarynda ýaş nahallaryň müňlerçe düýbüni oturtmak, olaryň ozal bar bolanlaryna ideg etmek işleri köpçülikleýin ýerine ýetirilýär. Bu bolsa biziň daş-töweregimiziň gözel bolmagyna uly goşant goşýandygymyzy aňladýar.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň güýzki bag ekmek möwsümi hem şu gün badalga alýar. Institutymyzda oňa ykjam taýýarlyk görüldi. Biz möwsümiň dowamynda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmegine ýakyndan ýardam bereris.

 

Esen AMANKULYÝEW, TOHI-niň talyby, KA-nyň işjeň agzasy.

Daşoguz habarlary gazeti

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.