Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ZENAN MERTEBESI BELENTDIR

Ýakynda etrabymyzdaky 43-nji orta mekdepde orta mekdepleriň ýokary synp okuwçy gyzlarynyň arasynda tertip-düzgüni, edepliligi, ekramlylygy, ahlaklylygy, arassalygy ündemek maksady bilen ­«Zenan mertebesi» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede etrap häkiminiň orunbasary, zenanlar bölüminiň başlygy Ogulboldy Kowusowa, TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Ejegyz Akymmaýewa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Rozymuhammet Artykow, TMÝG-niň etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Jennet Orazowa, kümüş saçly ene Narmeňli Allakowa çykyş etdiler. Olar özleriniň çykyşlarynda türkmen zenanlarynyň akyl-paýhaslylyk, merdi-merdanalyk, edalylyk, myhmansöýerlik, perzentlerine bolan mähirlilik ýaly häsiýetleri nesillere miras goýandyklaryny nygtadylar. Halkymyz ähli gözellikleriň naýbaşysyny edep-ekramda, asylly terbiýede görýär. Türkmeniň ruhunyň gözbaşy edepden başlanýar. Edepli zenan gözel, mähriban görünýär diýip, giňişleýin gürrüň berdiler.

Wagyz-nesihat çäresine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň «Häzir biziň zenanlarymyz ýaş nesli terbiýelemekde asylly däpleri, milli ýörelgeleri mynasyp dowam etdirýärler, olar özleriniň maksada okgunlylygy we zähmetsöýerligi bilen Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň okgunly ösmegine, Watanymyzyň has-da belent sepgitleri eýelemegine mynasyp goşant goşýarlar» diýip, bildirýän ynamyndan gelip çykýan wezipeler babatda giňişleýin pikir alyşdylar. Hormatly Prezidentimiziň her bir maşgala ojagy, ýaş nesliň geljegi ugrunda alyp barýan bimöçber işleri üçin özleriniň hoşallyklaryny bildirdiler.

Goý, zenan sarpasyny belende göterýän milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

 

Mähri GELDIÝEWA. TDP-niň Ýolöten etrap komitetiniň partiýa guramaçysy, TZB-niň işjeň agzasy.

Maru-şahu jahan gazeti

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.