Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

RUHY HAZYNAMYZ

Golaýda etrap häkimliginiň mejlisler zalynda jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Dabaraly çärä komitetimiziň işgärleri, işjeň agzalarymyz, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Çäre Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şu ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen mejlisinde öňde goýlan wezipeler hem-de Arkadag Prezidentimiziň “Garaşsyzlyk — bagtymyz” atly ajaýyp eseriniň çapdan çykmagyna bagyşlanyldy. Çärede etrap häkiminiň orunbasary Maýsa Ýazjumaýewa, TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Allanur Sapargeldiýew, Türkmengala etrap hassahanasynyň çaga dogrulýan bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň Milli Geňeşiniň deputaty Sapargylyç Süleýmanow, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Muhammetberdi Seýitliýew, TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Hojamyrat Akmyradow, etrap medeniýet merkeziniň režissýory Nurgeldi Söýünow çykyş etdiler.

Çykyş edenler Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi geljekde has-da gülledip ösdürmek üçin bimöçber işleriň amala aşyrylýandygyny aýdyň mysallara ýüzlenip, nygtadylar. Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda şahyr Nurgeldi Söýünow özüniň “Arkadag”, şeýle hem öwüt-nesihat barada täze döreden şygyrlaryny okady.

 

Gülaýym RAHMANOWA. TDP-niň Baýramaly etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.

Maru-şahu jahan gazeti

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.