Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

WATAN ROWAÇLANÝAR ARKADAG BILEN

Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan parasatly syýasatynyň netijesinde eziz Diýarymyz dünýäde iň bagtly adamlaryň  ýaşaýan mekanyna öwrüldi. Bedew bady bilen ösüşlerden ösüşlere beslenip, okgunly öňe barýan ýurdumyzda bu günki  gün halkymyz asuda we parahat durmuşyň eşretli hözirini görüp, bagtyýarýaşaýar.

Şeýle sapaly durmuşy, berkarar döwleti arzuwlan pederlerimiziň erk-islegi, arzuw-umytlary mähriban Arkadagymyzyň bimöçber tagallalarynyň netijesinde bu günki gün hasyl boldy. Ýurdumyzda gazanylýan şeýle üstünlikleriň, öňegidişlikleriň gözbaşynda bolsa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň ynsanperwerlige ýugrulan asylly ýol-ýörelgeleri dur. Sebäbi Garaşsyzlyk — biziň bagtymyz, gözguwanjymyz. Şanly Garaşsyzlygymyz biziň halkymyzy bütin dünýä tanatdy, Watanymyzyň at-abraýyny Arşa göterdi. Döwlet Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý toýunyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyndaky möhüm taryhy waka öwrüldi. Milli Liderimiz taryhy çykyşynda ýurdumyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýylynyň içinde syýasy, ykdysady, azyk garaşsyzlygyny üpjün etmek, ony pugtalandyrmak, döwlet dolandyrylyşyny kämilleşdirmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak boýunça ýerine ýetirilen işlere, gazanylan üstünliklere, ýetilen belent sepgitlere giňişleýin seljerme berdi. Eziz Arkadagymyzyň ata Watanymyzy mundan beýläk hem ählitaraplaýyn ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeleri kesgitlemegi ählimiziň öňümizde belent maksatlary goýdy we bizi täze üstünliklere ruhlandyrdy. Asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyzyň uýan, süňňüne asudalyk, agzybirlik, parahatçylyk siňen milli däplerimize eýermek bilen geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde milli Liderimiziň baştutanlygynda kabul edilen çözgütler ýurdumyzy täze taryhy döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürmäge, bu ugurda has belent wezipeleri durmuşa geçirmäge giň hukuk esaslaryny döretdi. Bu bolsa ertirimiziň uly ösüşlere beslenjekdiginden habar berýär.

Döretmek ýoly bilen belent maksatlara tarap ynamly barýan durmuş syýasatyny, ykdysady-medeni özgerişleri, halkyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilen wezipeler häzirki bagtyýarlyk döwrümiziň baş maksady bolup durýar. Ony amala aşyrmakda, durmuş hakykatyna öwürmekde wagyz-nesihat işlerine uly ruhubelentlik bilen goşulmak Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň her bir raýatynyň mukaddes borjy hasaplanylýar. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, işjeň agzalarymyz bilen guramaçylykly alyp barýan her bir wagyz-nesihat, düşündiriş işimizde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarynyň merdana halkymyz tarapyndan gyzgyn goldaw tapandygynyň gözli şaýady bolýarys. Mundan beýläk-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty hökmünde döwletimizde ildeşlerimiziň, ylaýta-da, ýaşlaryň ýurdumyzyň syýasy-ykdysady hem-de medeni durmuşyna doly gatnaşmaklaryny gazanyp, Gahryman Arkadagymyzyň öňümizde goýan wezipelerini ak ýürekden berjaý etjekdigimize ynandyrýarys.

 

Rüstem RAHMANKULOW, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Döwletli etrap birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.

Türkmen gündogary gazeti

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.