Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÖŇDEBARYJY ETRAPLARYŇ HASYL USSATLARY

Şanly ýyly ajaýyp zähmet üstünligine besledi

 

Be­re­ke­de bes­le­nen «ak al­tyn­ly» pel­ler­de pag­ta ýygy­my­nyň gyz­ga­laň­ly do­wam ed­ýän gün­le­rin­de we­la­ýaty­my­zyň Gök­de­pe, Ak bug­daý et­rap­la­ry­nyň ja­nyp­keş daý­han­la­ry şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­la­ry­ny il­kin­ji­le­riň ha­ta­ryn­da ab­raý bi­len ber­jaý et­di­ler. Ag­za­lan et­rap­la­ryň ha­syl us­sat­la­ry­nyň şan­ly ýyl­da ga­za­nan no­bat­da­ky zähmet üs­tün­li­gi ola­ryň ýyl­bo­ýy top­ra­ga eden yh­la­sy­nyň ýe­ri­ne dü­şen­di­gi­niň da­ba­ra­lan­ma­sy­dyr.

AK BUG­DAÝ. Pag­ta — ýur­dumy­zyň esa­sy baý­lyk­la­ry­nyň bi­ri. Muňa oňat dü­şün­ýän et­ra­byň pag­ta­çy daý­han­la­ry mu­kad­des Ga­raş­syz­lygy­my­zyň 30 ýyl­ly­gy­nyň ulu­dan belle­ni­len şan­ly ýy­lyny aja­ýyp zäh­met üs­tün­li­gi­ne bes­le­di­ler. Olar Wa­ta­nymy­zyň be­lent har­ma­ny­na gym­mat­ly baý­lyk bo­lan «ak al­ty­nyň» 43 müň 300 ton­na­dan gow­ra­gy­ny go­şup, arzy­ly sep­gi­de ýet­di­ler.

Möw­sü­me öňün­den gör­len taýýar­lyk iş­le­ri we pag­ta ýy­gy­my­nyň gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si no­bat­da­ky zäh­met üs­tün­li­gi­ni ga­zan­ma­ga şert dö­ret­di. Et­ra­byň kä­ren­de­çi­leri­dir ök­de ýy­gym­çy­la­ry ýy­gy­myň il­kin­ji gün­le­rin­den «ak al­tyn­ly» atyz­la­ra gi­rip, her gün­ki iş ne­ti­je­le­ri­ni ýo­karlan­dyr­ma­ga ça­lyş­dy­lar. Hor­mat­ly ­Pre­zi­den­ti­mi­ziň daý­han­la­ra sow­gady bo­lan ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li pag­ta ýy­gy­jy kom­baýn­la­ryň ýap­ra­gy düşü­ri­len be­re­ket­li atyz­la­ra gir­me­gi ýy­gy­myň dep­gi­ni­ne oňaý­ly tä­si­ri­ni ýe­tir­di. Saz­la­şyk­ly iş­ler ne­ti­je­sinde aý­ry-aý­ry daý­han ho­ja­lyk­la­ry şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­la­ry­ny ir­ki möh­let­de ber­jaý et­di­ler. Şo­laryň ara­syn­da «Ak üzüm», «Üzüm­li top­rak», «Hy­juw­ly top­rak», «Ja­dyly top­rak», «Rys­gal be­re­ket­li ýer» daý­han ho­ja­lyk­la­ry, il­kin­ji no­bat­da, ag­zal­ma­ga my­na­syp­dyr. «Üzümli top­rak» daý­han ho­ja­ly­gy­nyň üstün­li­gi aý­ra­tyn gu­wan­dy­rar. Ýer­le­ri uzak möh­let­le­ýin peý­da­lan­ma­ga alan tej­ri­be­li daý­han An­na­gel­di Anna­ýe­wiň ýol­baş­çy­lyk ed­ýän bu daýhan ho­ja­ly­gy bo­ýun­ça go­wa­ça eki­len meý­dan­lar­dan ýo­ka­ry hil­li go­wa­ça ha­sy­ly­nyň 100 ton­na­dan gow­ra­gy taý­ýar­la­nyp, bu ba­bat­da­ky şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma il­kin­ji­le­riň ha­ta­ryn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di.

Et­ra­byň S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky, «Bug­daý­ly», «Aba­dan» daý­han birle­şik­le­ri hem zäh­met üs­tün­li­gi­ne saldam­ly go­şant­la­ry­ny goş­du­lar. Olar de­giş­li­lik­de 8025 ton­na­dan, 3410 ton­na­dan, 3398 ton­na­dan ge­çi­rip, ýo­ka­ry gör­nüş­li go­wa­ça ha­sy­ly­ny Wa­tan har­ma­ny­na goş­du­lar.

Et­ra­byň jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­mala­ry­nyň we­kil­le­ri bol­sa, möw­sü­miň il­kin­ji gün­le­rin­den pag­ta­çy­la­ryň ara­syn­da hö­wes­len­di­riş çä­re­le­ri­ni gu­ra­dy­lar. On­gün­lük zäh­met bäs­leşik­le­ri­niň çä­gin­de öň­de­ba­ry­jy kä­rende­çi­le­ri, ýy­gym­çy­la­ry, pag­ta ýy­gy­jy kom­baýn­la­ry­na erk ed­ýän me­ha­niza­tor­la­ry, ha­sy­ly har­ma­na da­şa­maga gat­naş­ýan aw­tou­lag sü­rü­ji­le­ri­ni yzy­gi­der­li ýü­ze çy­ka­ryp, ola­ry höwes­len­dir­di. Mu­nuň özi pag­ta ýy­gymy­nyň depgininiň ýo­kar­lan­ma­gyn­da örän äh­mi­ýet­li bol­dy.

 

Yhlas SAPAROW, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ak bugdaý etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.

Ahal durmuşy gazeti

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.