Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

REDAKSIÝANYŇ ELEKTRON POÇTASYNDAN: TÄZELIKLER, HABARLAR, WAKALAR

Lebap

 

Ýa­kyn­da TKA-nyň Dä­new et­rap bir­leş­me­si­niň gu­ra­ma­gyn­da et­rap Me­de­ni­ýet öýün­de masla­hat ge­çi­ril­di. Mas­la­ha­ta et­ra­byň Pag­ta aras­sa­la­ý­jy kär­ha­na­sy­nyň, Teh­ni­ki hyz­mat ediş kär­hana­sy­nyň, bi­lim we sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­gam­la­ry­nyň, Je­ma­gat ho­ja­lyk mü­dir­li­gi­niň, Ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wo­dy­nyň, «Türk­men­gün­do­gar­ne­bit­gur­lu­şyk» tres­ti­niň iş­gär­le­ri hem-de TKA-nyň il­kin­ji gu­ra­ma­la­ry­nyň baş­lyk­la­ry we iş­jeň­le­ri gat­naş­dy­lar.

Bu ýer­de çy­kyş eden­ler hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýur­du­my­zy ösen döw­let­le­riň ha­ta­ry­na çy­karmak ug­run­da­ky alyp bar­ýan asyl­ly sy­ýa­sa­ty ha­kyn­da hem-de TKA-nyň Dä­new et­rap bir­leş­mesi­niň il­kin­ji gu­ra­ma­la­ryn­da ge­çen 10 aýyň do­wa­myn­da ge­çi­ri­len çä­re­ler we ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler, şeý­le hem öň­de dur­ýan mak­sat­lar ba­ra­da bel­läp geç­di­ler. Mas­la­ha­tyň ahy­ryn­da oňa gat­na­şy­jy­lar döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ady­na al­kyş söz­le­ri­ni aýt­dy­lar.

 

Laçyn ÇARYÝEWA, TKA-nyň Dänew etrap birleşmesiniň hünärmeni.

 

Balkan

 

Ýa­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Ha­zar şä­her geňe­şi we Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şy­gy­nyň Ha­zar şä­her bir­leş­me­si şä­he­riň Mer­ke­zi ki­tap­ha­na­sy bi­len bi­le­lik­de «Ki­tap oka­ýa­nyň ru­hy baý» di­ýen at bi­len or­ta mek­dep­le­riň 6-7-nji synp okuw­çy­la­ry­nyň ara­syn­da çe­per oka­ýyş bo­ýun­ça bäs­le­şik ge­çir­di. «Türk­me­nistan­da ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň 2021 — 2025-nji ýyl­lar üçin Döw­let mak­sat­na­masy­ny» ýe­ri­ne ýe­tir­mek we ýaş­la­ry ki­tap­ha­na­la­ra iş­jeň çek­mek, ki­tap­ha­na­la­ryň hyz­ma­tyn­dan peý­da­lan­ma­gyň de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bäs­le­şi­giň öze­ni­ni düz­di. Bäs­le­şi­giň do­wa­myn­da Gah­ry­man Arka­da­gy­my­zyň çuň­ňur paý­ha­syn­dan dö­rän «Älem iç­re at ge­zer», «Döw­let gu­şy», «Türk­me­niň döw­let­li­lik ýö­rel­ge­si», «Ga­raş­syz­lyk — bag­ty­myz» at­ly eser­le­rin­den par­ça­lar tä­sir­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di.

Bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri­ne hor­mat hat­la­ry we ýa­dy­gär­lik sow­gat­lary gow­şu­ryl­dy.

 

Baýramgül SAFAROWA, TMÝG-niň Hazar şäher geňeşiniň başlygy.

Watan gazeti

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.