Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

AKYL-PAÝHAS ÇEŞMESI

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynyň elimize gowuşmagy buýsançly başymyzy göge ýetirdi, ähli halkymyzyň şatlygyna şatlyk goşdy. 

Köňülleriň buýsanjy bolan täze kitap halk köpçüliginiň gyzgyn söýgüsini gazandy.  Hormatly Prezidentimiziň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitaby şöhratly täze taryhymyzyň ýyl ýazgysydyr. On üç bapdan ybarat bolan bu kitapda ýurdumyzyň ösüşine gönükdirilen özgertmeleriň, bitirilen beýik işleriň, ýetilen köpasyrlyk sepgitleriň waspy täsirli beýan edilýär. Kitapda bölümleriň atlandyrylyşy köp zatlardan habar berýär. «Howpsuz, özerkli ýaşaýşyň galasy», «Türkmen halky — döwlet häkimiýetiniň ýeketäk eýesi», «Budur türkmen binasy!», «Galkynyşyň, ösüşiň, bagtyýarlygyň täze taryhy eýýamy», «Gözbaşlar joşly bolsa, bagtyňdan rowaçlyk hem üstünlik çykar», «Türkmen­topragy — bereket mekany» ýaly bölümler okyjynyň ünsüni şol bada özüne çekýär. Gahryman Arkadagymyzyň adam hakyndaky taýsyz tagallalary merdana halkymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Garaşsyzlyk ýurt berkararlygymyzyň sarsmaz sütünidir. Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly täze kitaby işde hem durmuşda ýakyn gollanmamyza hem ýankitabymyza öwrüldi.  Goý, Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar, bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman, tutýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

 

Maýa ABDULLAÝEWA, Türkmengala etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 1-nji orta mekdebiň Kärdeşler arkalaşygynyň başlygy.

Aşgabat gazeti

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.