Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI

Golaýda welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler zalynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Döwlet edaralarynyň işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň şu okuw mekdebi bilen bilelikde guramagynda geçirilen bu çäre «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň taryhy wakalaryny wagyz etmäge bagyşlandy. Onda Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Hanbaý Saparow, welaýat Polisiýa müdirliginiň 4-nji bölüminiň uly gözegçisi Selbi Saparnazarowa, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň baş hünärmeni Nurýagdy Galpakow, TGÝMJ-niň welaýat bölüminiň hünärmeni Maral Täjibaýewa dagy çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýyly şygaryna laýyk dabaralandyrmak maksady bilen amala aşyrylan beýik işleriň diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiliginiň hem abadan ýaşaýşyny, durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendigini uly buýsanç bilen aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur mazmuna ýugrulan eserleriniň gymmaty we ähmiýeti, döwlet hem jemgyýetçilik durmuşyny täze menzillere ilerletmekdäki orny barada nygtalyp geçildi. Ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda gazanylan üstünlikler barada aýdylyp, şeýle beýik işleriň başynda duran Gahryman Arkadagymyzyň adyna hoşallyk sözleri beýan edildi.

 

Bibigül AMANOWA, döwlet edaralarynyň işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy.

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.