Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ADY ARŞA GALAN

Gündogar edebiýatynda özüniň ajaýyp döredijiligi bilen öçmejek yz galdyran Magtymguly Pyragy şygryýet dünýäsinde türkmen halkynyň medeni we ruhy durmuşyny açyp görkezýär. Dana şahyryň şygyrlary adamlara dogry ýoly salgy berýän ýol-ýörelgedir. Şahyryň köpöwüşginli döredijiligi, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, ahlak arassalygyny ündeýän pikir-garaýyşlardan doly. Onuň üstünden asyrlar geçse-de, ähmiýetini ýitirmeýän goşgularyny halkymyz doga-tumar edip gursagynda göterýär.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2014-nji ýylda ýurdumyzda akyldar şahyryň doglan gününiň 290 ýyllygy dabaraly bellenilip geçildi. Şol ýylda geçirilen dabaralardyr maslahatlar we köpsanly medeni çäreler, nusgawy şahyryň eserleriniň dünýä dillerine terjime edilmegi beýik söz ussadynyň edebi mirasyna gyzyklanmany has-da artdyrdy. Şahyryň dogduk mekanynda onuň adyny buýsanç bilen göterýän Magtymguly Pyragy medeni ýadygärlikler toplumynyň hem-de muzeýiň açylmagy şahyra goýulýan belent sarpadan nyşandyr.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylda türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ýokary derejede bellemek baradaky Karara gol çekmegi we şol ýyly «Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky asylly başlangyjy beýik şahyra we onuň döredijiligine söýgimizi has-da artdyrdy. Milli Liderimiziň dana Pyragynyň döredijilik dünýäsini mundan beýläk-de giňden öwrenmek ugrundaky tagallalary şahyryň mertebesini we şöhratyny ýene-de beýgelder.

 

Laçyn ÇARYÝEWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Dänew etrap birleşmesiniň hünärmeni.

Türkmen gündogary gazeti

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.