Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“NEÝLÄÝINI” ÇALAÝ...

Meşhur sazanda Durdy Myradow hakynda il içinde buýsançly gürrüňler kän. Onuň şirin sazlaryndan mähri ganan halk sazandany ýüreginiň töründe göterip, hemişe kaýyllyk bilen ýatlaýar. Şeýle bolansoň, belli sazanda hakdaky ýatlamalar, degişmeler halkyň hakydasyna siňip gitdi.

Meşhur sazanda ezber şägirtleri hem ýetişdirdi. Onuň şägirtleriniň iň bir meşhury Durnazar Hudaýberenowdyr.

Durdy bagşy öz çalýan meşhur “Oýan” we “Neýläýin” diýen sazlaryny şägirdi Durnazar Hudaýberenowyň ilkinji gezek radioda ýerine ýetirişini diňläp, ertesi ýanyna gelen Durnazara:

— Seňem-ä, Durnam, periň ýetip ugrapdyr, zaluwat! “Oýan” bilen “Neýläýini” dagdan inen sil ýaly edäýipsiň —  diýipdir.

Türkmengalaly meşhur sazanda, bu iki halypanyň ikisiniň hem ezber şägirdi Agamyrat Nuryýewiň beren gürrüňine görä, Durdy bagşy daşyndan göräýmäge agras ýaly görünse-de, degişmegi, gülüşmegi halaýan adam ekeni. Ol Durnazar bilen-ä, hasam aýratyn hoşamaý gatnaşykda bolupdyr.

Bir gezek Durnazar halypasyna ýüzlenip:

— Durdy aga, bu bir ötegçi dünýä diýleni. Ynha, siz: “Men dünýäden ötäýsem, mazarymyň başujynda oturyp, bir saz çalgyn!” diýip, wesýet edýäňiz weli, şo ýagdaýda men haýsy sazy çalaýyn — diýipdir. Şonda Durdy aga:

— “Oýany” çalaý — diýipmiş. Durnazar hem degşip:

— Onda-da oýanmasaňyz nädeýin — diýipdir. Durdy bagşy hem säginmän:

— “Neýläýini” çalaý! — diýip, degişmä degişme bilen jogap beripdir.

Şujagaz ýazgymyza ady ülkämize dolan meşhur mirasgär Ümür Eseniň sözüni hem goşmasak, birhili, söhbedimiz kelteden gaýdan ýaly boljak. Ümür aganyň aýdyşyça, Durdy aga bilen şägirdiniň arasynda bolan ýokarky gürrüňler halypa sazandanyň şägirdi Durnazar Hudaýberenowa beren ak patasy diýlip hasap edilýär...

 

Taýýarlan Atamyrat ÝAGŞYÝEW. Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Türkmengala etrap geňeşiniň başlygy.

Maru-şahu jahan gazeti

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.