Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

AÝDYM — ADAMLARYŇ GÖWÜN SYRDAŞY

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Biz öz medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge goşant goşan adamlarymyza guwanmaga haklydyrys.

Eziz Arkadagymyz medeni ulgamy ösdürmek we kämilleşdirmek meselesine uly üns berýär. Milli medeniýetiň we sungatyň ösüşlerine özüniň bahasyz goşandyny goşan ussatlaryň ýokary derejeli döwlet sylaglaryna mynasyp saýylyp, mertebelenmegi, her ýylyň 27-nji iýunynyň Medeniýet we sungat işgärleriniň hemde Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni hökmünde ykrar edilmegi we başga-da ençeme özgertmeler döwrüň ruhy ösüşini täze basgançaga çykardy.

Aýdymçy kämil aýdymy, sazanda şirin mukamy, artist ynandyryjylykly keşbi, heýkeltaraş inçe senedi, ýazyjy-şahyr nusgawy eseri bilen halkyň ruhy dünýäsine gözellik çaýyp, ony hyjuwly galkynyşa atarýar. Göwün galkynanda bolsa ynsan ýüregi diňe ýagşy işlere ymtylýar.

Türkmenlerde “Bagşyly il — bagtly il” diýlen jümle bar. Hakykatdanam, haýsy halk aýdym-saza baý bolsa, şol ýurt döwletli-döwranlydyr. Ol iliň toý-baýramlary kändir. Pederlerimiz “Aýdym bir guşdur, saz onuň ganatydyr” diýipdirler. Şonuň üçin hem türkmenler gadym döwürlerden bäri aýdym-saz sungatyna aýratyn hormat bilen garapdyrlar. Mahmal ýaly jadylaýjy owazlary we şirin mukamlary bilen bagşylar Watanymyzyň ýeten belent derejelerini, gözelligini, eziz Arkadagymyzy, zähmetsöýer halkymyzy, mähriban enelerimizi aşyk-magşuklaryň inçe duýgularyny wasp edýärler.

Şeýle ussat bagşylaryň biri Kakajan Ataýew 1958-nji ýylda Sakarçäge etrabynyň Gumgüzer obasynda agzybir maşgalada dünýä indi. Ol aýdym-saza oglanlykdan höweslenýär. Orta mekdepde okan ýyllary akkordeon saz guralyny ussatlyk bilen çalyp, mekdepde geçirilýän baýramçylyk çärelerine işjeň gatnaşýar. Şeýdibem ol şirin aýdym-sazlary bilen diňleýjileriň ýüreginde uly orun aldy.

Il içinde Ata Kakyş diýip at alan bagşy Kakajan Ataýew 1989-njy ýylda Aşgabat şäherindäki şol wagtky Gara Seýitliýew adyndaky medeni aň-bilim tehnikumynyň gaýybana bölümine okuwa girýär. 1993-nji ýylda tehnikumy ýokary bahalar bilen tamamlap, ilki etrabyň Gumgüzer geňeşliginiň medeniýet öýüniň çeper ýolbaşçysy bolup işleýär. Aýdýan aýdymlarynyň hyrydarlarynyň sany artdygyça, onuň döredijilik gerimi-de giňeýär. Onuň halk aýdymlaryny hoş owazly ýerine ýetirişi diňleýjileriň göwnüni awlaýar.

Kakajan bagşy 2000-nji ýyldan tä hormatly dynç alşa çykýança “Marygazçykaryş” müdirliginiň medeniýet öýünde çeper ýolbaşçy bolup işledi. Bagşynyň repertuaryny “Oba gyzlary”, “Gel, obamyň lälesi”, “Aýdym bolup galaýyn”, “Eje jan”, “Daň şemaly” ýaly häzirkizaman aýdymlary bezeýär. Onuň beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň dana setirleri esasynda döredilen onlarça aýdymy ýerine ýetirişini diňläniňde, ussadyň ýiti zehinine aýdyň göz ýetirmek bolýar.

123

Ussat aýdymçy Kakajan Ataýew özboluşly döredijilik ýolunda ýurdumyzda aýdym-sazlary bilen meşhur bolan Bally Hajyny, Rejep Ulugowy, Goçmyrat Baýrammyradowy öz obalarynyň belli sazandasy Tirkiş Taganowy, murgaply Muhammetmyrat Muhammetgulyýewi (il içinde Hommat Gara diýip at alan) halypa tutunyp, aýdym aýdylyş tilsimlerini öwrenendigini aýdýar.

Bagşynyň şägirtleri hem belli aýdymçylar bolup ýetişdiler. Olardan Tahyr Atabaýew, Magtymguly Tirkişow, Akmyrat Orazdurdyýew dagy öz şirin aýdym-sazlary bilen ýurdumyzda geçirilýän toý-baýramlarda çykyş edip, halkyň söýgüsini gazanýarlar.

Kakajan Ataýew hormatly dynç alyşda bolsa-da, aýdym-saz sungatyna bolan höwesi onuň badyny saklap bilenok. Bagşynyň aýdym-saz sungatynda döredijilik ýoluny dowam etdirjek agtygy Ezizgeldi Maksadow Oguzhan etrabynyň Şatlyk şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň akkordeon bölümini tamamlady. Kesbini dowam etdirjek agtygynyň bardygyna bagşy, diýseň, guwanýar. Oňa uly ynam bildirýär.

Kakajan bagşynyň hyjuw bilen aýdýan “Watanym”, “Arkadagym”, “Türkmenistan” diýen aýdymlary Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ähli welaýatlarynda geçirilýän toý-baýramlarda ýaňlanyp, diňleýjilere şatlyk paýlaýar.

 

Sungat äleminde özün tanadan,

Köňüllere melhem, ussat bagşy sen!

Joşgun paýlap, ýüreklerde ýer eden,

Köňüllere melhem, ussat bagşy sen!

 

 

Saz guralna oglanlykdan erk etdiň,

Jahyllykda joşgunyňy berkitdiň.

Aýdym-saza ömür ýoluň sarp etdiň,

Köňüllere ylham, ussat bagşy sen!

 

Ruhy lezzet berer aýdymyň-sazyň,

Waspyn ýetir joşup baharyň-ýazyň,

Teşne ýüreklere derman owazyň,

Köňüllere melhem, ussat bagşy sen!

 

Ussat halypalaň ýolun yzlaýaň,

Toý törüni bezäp, aýdym yzlaýaň.

Şägirtlerňe öwüt-ündew paýlaýaň,

Köňüllere melhem, ussat bagşy sen!

 

Şirwan perdelerden şaglap ineňde,

Ynsan köňli şol dem galar belende.

Ýürek telwas urup, joşa gelende,

Köňüllere ylham, ussat bagşy sen!

 

Aýdym-sazyň lezzet bilen diňlener,

Mukamlaňda Watan waspy ýaňlanar.

Arkadaga sylag-hormat oňlanar,

Köňüllere melhem, ussat bagşy sen!

 

Aýgözel TÄŞLIÝEWA. Sakarçäge etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň mugallymy, KA-nyň işjeň agzasy.

SURATDA: bagşy Kakajan Ataýew.

Maru-şahu jahan gazeti

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.