Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

JANDARLARYŇ ÇAGALARYNYŇ ATLANDYRYLYŞY

Geçmişimizi öwrenip, geljegimiziň düýbüni berk gurmaga çagyran, halk hakydasyndaky zatlaryň halypasy, hemmeleriň Ümür akgasy bolup bilen Ümür Eseniň elmydama: «Atdaş, il bir ummandyr, onda aýdylmadyk zat ýokdur, ýöne eşidilmedik zat kändir. Şonuň üçinem geregiňi il içinden susup alyp, geljekki nesillerimize geçiribermelidir” diýýän sargydy henizem gulagymda ýaňlanyp dur. Onsoň menem “Iň gowy täzelik könelikdir” diýen il aýtgysyndan ugur alyp, jandarlaryň çagalarynyň atlaryny il-günümize ýatlatmagy özüme müwessa bildim. Il-günümiziň arasynda ýatdan çykaňkyrlan sözler bilen gyzyklanýan adamlar oňa seslenerler diýip umyt edýärin. Bu bolsa ata-babalarymyzyň bize galdyryp giden söz baýlyklaryny mertebeledigimiz hem-de geljek nesillerimiz üçin bahasyna ýetip bolmajak hyzmatymyz bolar diýip umyt baglaýaryn.

Ba­la­guş — elguşuň çagasy.

Çeb­şek — towşanyň çagasy.

Ete­ne — garlawajyň, bürgüdiň, gumrynyň çagalary, olar ýumurtgadan çykan wagty ýeleksiz bolýarlar.

Gi­jen — pişigiň çagasy.

Go­duk — gulanyň çagasy. Bu at «Gulan başyna gaý düşse, godugyna garamaz” diýen nakylda hem saklanyp galypdyr.

Gö­le — sygryň, sugunyň çagasy. Bu sözüň dilimiziň şiwelerinde tana, höjek, öjek kimin aýdylyşyna hem duş gelinýär.

Gu­zy — goýnuň çagasy.

Gü­jük — itiň çagasy.

It­ba­lyk — gurbaganyň çagasy.

Jüý­je — towugyň, käkiligiň, ördegiň çagalary, olar ýumurtgadan çykan wagty ýelekli bolýarlar.

Kö­şek — düýäniň çagasy. Köne türkmen dilinde köşek sözüne derek «bota” sözi hem ulanylypdyr. Bu söz «Düýe garrasa botasyna eýerer” nakylynda hem saklanyp galypdyr. «Düýe botlapdyr” aňlatmasy hem köşeklemek sözündendir.

Kür­re — eşegiň çagasy.

Mer­dek — aýynyň çagasy. Ow­lak — geçiniň, keýigiň çagasy.

Şir­be­çe — ýolbarsyň çagasy. Magtymguly Pyragy «Aý-günüňiz batmaga” atly şygrynda: «Şir beçesi towşan tilkä atdyrmaz” diýýär.

Taý — ýylkynyň çagasy. Köne türkmen dilinde bu sözüň «gulun” nusgasy hem duşýar. Şol sebäpli hem «baýtal gulunlady” diýilýär.

Toý­çy — tomzagyň çagasy.

Üzit — möjegiň çagasy. Alyp-ýolup barýan çagalara «üzit ýaly” diýilmesi bardyr. Gadymy türkmen dilinde möjegiň çagasyna «mamrah” diýlişi-de duş gelýär.

Ýy­lan­çyr — ýylanyň çagasy.

Ýyl­ pyz — tilkiniň çagasy.

 

Metbugat materiallary esasynda taýýarlan Amanmyrat ÝAMADOW. Wekilbazar etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň geografiýa mugallymy, KA-nyň işjeň agzasy.

Maru-şahu jahan gazeti

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.