Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

SAGLYGYMYZ — BAŞ BAÝLYGYMYZ

Gökdepe etrabynyň edara-kärhanalarynda, geňeşliklerinde howa şertleriniň üýtgemegi bilen baglylykda ýüze çykyp biläýjek keselleriň öňüni almak, bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmak maksady bilen wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär. Ýörite meýilnama esasynda guralýan wagyz-nesihat duşuşyklardyr maslahatlarynyň netijeliligini gazanmakda etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri tagallalaryny gaýgyrmaýar.

Etrabyň Türkmenistan geňeşliginde «Saglygymyz — baş baýlygymyz» ady bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy hem netijeliligi bilen tapawutlandy. Oba ýaşaýjylarynyň gatnaşmagynda bolan duşuşykda hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň barha dabaralanýandygy, ýurdumyzda raýatlaryň saglygy hakda aýratyn uly aladanyň edilýändigi, şu maksat bilen saglygy goraýyş edaralarynyň häzirki zaman desgalarynyň yzygiderli gurulýandygy, ilata ýokary derejeli lukmançylyk hyzmatlarynyň amala aşyrylýandygy, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň doly ornaşdyrylmagyna uly ünsüň gönükdirilýändigi dogrusynda täsirli gürrüň edildi. Onda çykyş edenler pasla görä geýinmegiň, sagdyn iýmitlenmegiň, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmegiň, sport bilen meşgullanmagyň, agyz-burun örtüklerini dakynmagyň, bellenilen howpsuz araçägi saklamagyň möhümdigini belläp, şonuň bilen baglanyşykly oba ýaşaýjylaryna gymmatly maslahatlaryny berdiler. Duşuşyga gatnaşyjylar ynsan saglygyny ähli zatdan ilerde goýup, raýatlaryň bagtyýar durmuşda sagdyn ýaşamagy, zähmet çekmegi we döretmegi ugrunda durmuşa geçirýän beýik işleri üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Begenç YLÝASOW, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gökdepe etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.

Ahal durmuşy gazeti

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.