Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

.
.

«HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ SAGLYGY GORAÝYŞ SYÝASATY:JEMGYÝETIŇ ABADANÇYLYGYNYŇ WE SAGDYNLYGYNYŇ BINÝADY» ATLY MASLAHATY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 19-njy noýabrynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň   Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde gurnamaklarynda «Hormatly Prezidentimiziň saglygy goraýyş syýasaty: jemgyýetiň abadançylygynyň we sagdynlygynyň binýady» atly maslahaty geçirildi.

123

Şu maslahaty Türkmenistanyň Saglygy goraýyş  işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy, Geňeşiň başlygy P.Kakajaýew alyp bardy.

Geçirilen bu maslahata Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy M.Gubyýewa, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş  we derman senagaty ministrliginiň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň  başlygynyň orunbasary B.Jepbarow, Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň Ylmy-kliniki kelle we boýun çiş keselleri bölüminiň müdiri M.Muhammedow, Aşgabat şäheriniň 15-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany A.Ballyýewa, Aşgabat şäheriniň      9-njy saglyk öýüniň lukmany A.Jumaýewa dagylar gatnaşyp, olar Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygyndaky berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda gazanan üstünlikleri barada maslahatda çykyş etdiler.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.